Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Körpe nesilleriň saglygy, olaryň döwrebap derejede dynç almagy, okap-öwrenmegi barada döwletimizde ähli şertler döredilýär. Elbetde, çagalaryň şatlygy asudalygyň, bagtyýarlygyň nyşany. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň şadyýan, bagtyýar keşpleri halkymyzyň göwnüni göterýär, Watanymyzyň nurana görküne öz şuglasyny çaýýar. Bagtyýar nesiller döwletimiziň ählitaraplaýyn aladalary bilen gurşalandyr.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý, röwşen geljegimiz bolan ýaşlary kemala getirmek ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda gurulýan döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi ata Watanymyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan hem-de bagtyýar çagalygyň ýurdydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde soňky ýyllarda maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesilleri terbiýelemegiň, olara bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginden başlap, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna çenli ygtybarly döwlet ulgamy kemala getirildi.
Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr. Diýarymyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan doly derejede ösmegi ugrunda ähli şertleri üpjün etmek, olaryň başarnyklaryny we zehinlerini açmak üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmek üstünlikli durmuşa geçirilen döwlet wezipesidir. Ýurdumyzdaky häzirki ähli okuw maksatnamalary, durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri, bilime, saglygy goraýşa, sportuň, boş wagtyňy işjeň geçirmegiň düzümleriniň we beýlekileriň ösdürilmegine berilýän ägirt uly döwlet maýa goýumlary hut şu işlere gönükdirilendir.
Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çäreler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolan köpýyllyk giň gerimli işleriniň mynasyp dowamy bolup durýar. Türkmen halkynyň belent ruhy ýörelgelerine eýermek bilen, ýurdumyzda dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen adamlara goldaw berilýär. Döwletimiz ýetim çagalaryň hem-de ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan çagalaryň kanuny bähbitleriniň, goragynyň üpjün edilmegini hukuk taýdan kepillendirýär. Şeýle hem aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaş nesliň jemgyýetde uýgunlaşmagyna, olaryň özbaşdak durmuşa taýýarlygyna gönükdirilen goldawy berýär. Şu maksatlar bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu gazna ony esaslandyryjy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Ýurdumyzda irki bilim almagyň öňdebaryjy maksatnamalary ornaşdyrylýan mekdebe çenli ýaşly bilim ulgamy hem giň ösüşe eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, şol sanda sanly bilim ulgamyny ýokarlandyrmak hereketi hem döwlet derejesinde giňden höweslendirilýär. Bu işiň milli konsepsiýasy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlandy.
Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.
Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyz: “Okamak we öwrenmek, zähmet çekmek bilen kämillige ymtylmak ýaş nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr” diýip belläp geçýär. Garaşsyz döwletimizde ýaş raýatlaryň ýokary hilli bilim almagy, aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlarymyza berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin uly bagtdyr. Bilim biziň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan we nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň we tejribäniň çeşmesidir.
Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş raýatlaryň – biziň arzuwlarymyzyň we bagtyýar geljegimiziň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mährijemal Çaryýewa we Aýna Şaýarowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Mekdep we mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň pedagogika we psihologiýa mugallymlary.