DÜNÝÄ

BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary Halk Maslahatynyň Başlygyna hat iberdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýandan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Şol hatda BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Başlygyna özüniň minnetdarlygyny bildirýär.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Türkmenistanda anna güni merhum Prezident Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasynyň geçirilendigi üçin Size ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Siziň Türkmenistanyň müftüsi bilen bilelikde bu çärelere gatnaşmagyňyz aýratyn sagbolsun aýdylmaga mynasypdyr.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy hem-de berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk