SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BAE-niň Mars syýahaty başlady

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Amal” (“Umyt”) kosmos zondy Ýaponiýanyň Tanegasima adasyndaky kosmodromyndaky “H-IIA” raketa göterijisi arkaly Mars planetasyna uçuryldy. Kosmos zondunyň uçurylmagy “Mitsubishi Heavy Industries” korporasiýasy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp berildi.

“Al-Amal” zondunyň Mars plenatasyna iberilmegi amatsyz howa şertleri sebäpli 2 gezek yza süýşýrildi. Ýaponiýada bir hepdeden gowrak wagt güýçli ýagyş ýagyp, bu hem ýurduň günorta-günbatarynda toprak süýşmelere we suw joşmalaryna sebäp boldy.

1350 koligram agramdaky kosmos zondy BAE-niň kosmos agentliginiň, Muhammed ben Raşid adyndaky kosmos merkeziniň hem-de 3 sany ABŞ-nyň uniwersitetiniň hyzmatdaşlygynda taýýarlandy. Zond iki sany Gün paneli, ýokary çözgütli köp kanally kamera we infragyzyl we ultramelewşe spektrometrler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Zonduň esasy wezipesi Marsyň atmosferasyny we howasyny öwrenmekden ybaratdyr. Hususan-da, “Al-Amal” zondunyň kömegi bilen alymlar planetadaky gündelik we möwsümleýin howa ýagdaýlary, şeýle hem howa şertlerine uly täsir edýän tozan tupanlaryny synlarlar. Hünärmenler alnan maglumatlaryň kömegi bilen Marsyň atmosferasynyň nähili derejede düýpgöter üýtgeşmeler geçirendigini anyklamagy meýilleşdirýärler.

Zond 2021-nji ýylda Mars planetasyna barar. 7 aýdan soňra Mars planetasyna barjak zond planetanyň orbitasynda bir marsian ýyl (687 ýyl) galar.

Şeýlelikde, BAE Mars planetasyna zond iberen Arap ýurtlarynyň arasyndaky ilkinji ýurt boldy. Häzirki wagtda Mars planetasyny ABŞ-nyň kosmos agentligi, Ýewropanyň kosmos agentligi hem-de Hindistan zond iberip, ylmy işleri alyp barýar.

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler