Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hormatly myhmany boldy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Bu ýerde myhmanlary institutyň mugallymlary we talyplary mähirli garşyladylar. Myhmanlar institutyň okuw studiýasyna baryp gördüler. Bu ýerde talyplar myhmanlara studiýada alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Soňra, Akademiýanyň Baş direktory Nikolaý Mladenow institutyň talyby bilen bilelikde gysga söhbetdeşligi ýazgy etdi.
Şeýle hem myhmanlar institutyň metbugat otagy, durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanyşdylar. Bilşimiz ýaly, institutda “Ýaş diplomatyň sesi” atly elektron gazet aýda 4 gezek neşir edilýär. Institutyň uly mejlisler zalynda institutyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Ahmat Al-Haý Al-Hameli iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar we onuň taryhy barada durup geçdi.
Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň taryhyna ser aýlanymyzda, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda resmi ýola goýuldy. Bilşimiz ýaly, ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenow öz çykyşynda iki diplomatik ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we olaryň geljegi barada durup geçdi. Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bilim-ylym ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellemek bolar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi baglaşyldy.
Bilşimiz ýaly, Anwar Gargaş adyndky Diplomatik akademiýasy BAE-de diplomatiýanyň we jemgyýetçilik hyzmatynyň ösmegine uly goşant goşup, global durnuklylygy üpjün etmek we halkara parahatçylygy berkitmek üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Akademiýa, BAE diplomatlarynyň we beýleki döwlet işgärleriniň neslini taýýarlamak üçin dünýä derejesindäki bilim mazmunyny döretmegi ileri tutýar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly myhman talyplaryň soraglaryna jogap berdi.
