SPORT

Aziýanyň Kubogy gyzykly duşuşyklar bilen dowam edýär

Katarda badalga alan hem-de Aziýanyň iň güýçli milli ýygyndysyny yglan etjek Aziýanyň Kubogy boýunça futbol çempionaty dowam edýär.

Ýer eýeleri Kataryň milli ýygyndysy açylyş duşuşygynda Liwanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Şenbe güni oýnalan duşuşyklarda Awstraliýa Hindistany 2:0 hasabynda utdy. Özbegistanyň ýygyndysy bolsa, Siriýanyň ýygyndysy bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Ýekşenbe güni, ýagny şu gün Ýaponiýanyň ýygyndysy Wýetnam, Eýranyň ýygyndysy Palestina bilen duşuşar.

Duşenbe güno Günorta Koreýa Bahreýn bilen duşuşar. Sişenbe güni Saud Arabystany bilen Omanyň arasyndaky duşuşyklar bilen birini tapgyr jemlenýär.

Aziýanyň Kubogy ýaryşy 2023-nji ýylyň tomsunda geçirilmelidi. Ýöne çempionaty gurnajak ýer eýeleriniň Hytaýdan Katara geçmegi bilen, ýaryşy 2024-nji ýylyň gyşynda geçirmek makul bilindi. Şeýlelikde, ýaryş Aziýanyň Kubogy-2023 ady saklap galdy.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy