SPORT

Aziýanyň iň güýçli topary “Al-Ain” topary boldy

Aziýanyň Futbol Konferederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň çempiony belli boldy. Ol hem Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Ain” topary boldy. Bu topar final duşuşygynda Ýaponiýanyň “Ýokohamo Marinos” toparyny 5:1 hasabynda utup, Aziýa yklymynyň iň uly kubogyny gazandy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 2 oýundan ybaratdyr. Ýaponiýada geçirilen ilkinji duşuşykda ýapon topary 2:1 hasabynda utupdy.

Jogap duşuşugy BAE-däki “Hazza Bin Zaýed” stadionynda geçirildi we öz meýdançasynda “Al Ain” topary 5:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, argentinaly meşhur futbolçy Hernan Kresponyň tälimçilik edýän “Al-Ain” topary ikinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Mundan ozal, bu topar 2003-nji ýylda bu kubogy gazanypdy.

BAE-niň “Al-Ain” topary türkmen futbol janköýerlerine hem tanyşdyr. Sebäbi “Al-Ain” topary Çempionlar ligasynyň toparçalarynda “Ahal” topary bilen duşuşypdy we bu topar Aşgabada hem gelipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady