SPORT

“Aziýanyň çagalary” gyşky halkara sport oýunlary başlaýar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Kuzbass sebitinde “Aziýanyň çagalary” II gyşky halkara sport oýunlary badalga alýar. 5-nji marta çenli dowam edýän bu halkara sport ýaryşyna Türkmenistandan hem türgenler gatnaşýar.

Häzirki wagtda Russiýanyň bu sebitiniň guramaçylyk komiteti ýaryşa gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly türgenleri garşylaýar. Kuzbass sebitiniň gubernatory Sergeý Siwilew bu barada eden çykyşynda şeýle diýdi:

– “Aziýanyň çagalary” II gyşky halkara sport oýunlary üçin daşary ýurtly gatnaşyjylary garşylamakdan gaty hoşaldyrys. Myhmansöýet kuzbass topragynda türgenler üiçn ähli şertler döredildi. Türgenler üçin bu ýaryşyň ýatda galyjy bolmagy üçin tagalla ederis.

Ýaryşyň guramaçylyk komitetiniň beren habaryna görä, ýaryşa 13 döwletden 900 ýaş türgen gatnaşar. Munuň üçin sebitde 45 myhmanhana taýýar edildi.

Ýaryşyň açylyş dabarasy 25-nji fewralda gurnalar. Ýöne ýaryşyň ilkinji güni sport hokkeý görnüşi boýunça bäsleşiklere badalga berler. Umuman, 57 toplum medal ugrunda gyzykly bäsleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri