MEDENIÝET

Aziýa-ýuwaş ummany sebitiniň media hyzmatdaşlygy

Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň guramasynyň Baş Assambleýasynyň 18-nji mejlisi geçirilýär.

Eýranyň “IRNA” habarlar gullugynyň goldaw bermegine geçirilýän bu mejlise 20-den gowrak ýurtdan 40-a golaý habarlar gulluklarynyň wekilleri gatnaşýar.

Foruma açan “IRNA” habarlar gullugynyň dolandyryjysy Ali Naderi media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we gurama başlyklyk eden Günorta Koreýanyň “Yonhap” habarlar gullugynyň ýolbaşçy düzümine minnetdarlyk bildirdi. Günorta Koreýanyň habarlar gullugy pandemiýa bilen baglanyşykly kyn günlerde bu guramanyň işini alyp bardy.

Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň guramasynyň (OANA) Ýerine ýetiriji komiteti 13 agzadan ybarat. Häzirki wagtda olar 5 habar gullugynyň direktorlar geňeşiniň agzalary: “Azertag” (Azerbaýjan), TASS (Russiýa), “Sinhua” (Hytaý), “Ýonhap” (Günorta Koreýa) we “Anadolu” (Türkiýe).

Baş Assambleýanyň mejlisi 3 ýylda bir gezek geçirilýär we bu gurama başlyklyk edýän habarlar gullugy wezipesini 3 ýyl dowam etdirýär.

Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň guramasy 1961-nji ýylda ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen döredildi. Onuň düzüminde 35ýurtdan 44 habarlar gullugy bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy