JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdi

Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjan doly hukukly agza hökmünde goşuldy. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bu başlangyjy goldandygy üçin hoşallyk hatyny iberdi.

Bu hatda şeýle diýilýär:

Azerbaýjan umumy taryh, din we medeni kökler baglanyşdyrýan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen okgunly ösüş häsiýetine eýe bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we onuň gerimini giňeltmäge hemişe aýratyn ähmiýet berýär. Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly çözgüdi goldandygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin. Gatnaşyklarymyzyň dost-doganlyk häsiýetini ýene bir gezek tassyklaýan bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Duşuşygyň dowamynda geçirilen maslahatlaşmalar, kabul edilen çözgütler ýurtlaryň özara hormat goýmak ruhunda syýasy-ykdysady, ulag, energetika, howpsuzlyk, ynsanperwer ulgam ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň netijeleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, umuman, tutuş sebitiň bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna, halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri