BIZNES

Azerbaýjanyň ministri: türkmen-azerbaýjan söwda möçberi 10 esse artdy

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 88 göterim artyp, soňky 2 ýylda 10 esse ýokarlanandygyny belledi. Ol bu barada şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-azerbaýjan işewürler forumyndaky çykyşynda belläp geçdi.

Azerbaýjanyň metbugatynyň habar bermegine görä, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar.

Türkmen-azerbaýjan işewürler forumynda çykyş eden ykdysadyýet ministri söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň oňyn netijeler berýändigini belledi.

– Türkmen-azerbaýjan işewürler forumynda biz iki ýurduň hususy pudagynyň wekillerine döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine goşant goşmagy teklip etdik. Bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna baha bermegi, şeýle hem işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyny belläp geçdik – diýip, ministr öz çykyşynda belledi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün paýtagtymyz Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder