BIZNES

Azerbaýjandan gelen telekeçi dokma önümlerini satyn aldy

Reňkli we žakkard tüýjümek dokma önümleri (1 kilogramy üçin 5,50 dollar) 7-nji dekabrda çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň şertnamalarynyň esasy özeni boldy.

Bu önümleri Azerbaýjandan gelen telekeçi satyn aldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bahasy 632,5 müň amerikan dollary bolan şertnama baglaşyldy.

Jemi 115 müň kg tüýjümek dokma önümleri eksporta iberiler, olar dürli ululykdaky we reňkdäki polotensalar, süpürgiçler we örtgülerdir.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi