BIZNES

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýynda Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gazy import etdi. Bu barada “Trend” habarlar gullugy Azerbaýjanyň Statistika boýunça döwlet komitetine salgylanyp habar berdi.

Bellenilişi ýaly, import edilen tebigy gazyň bahasy 23.3 million dollara deň boldy.

2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Azerbaýjan Türkmenistandan 281 million kubmetr tebigy gaz satyn alyp, munuň möçberi 42.1 million dollara barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýynda Azerbaýjanyň import eden tebigy gazynyň möçberi 176.5 million kubmetre deň boldy. Hasabat döwründe azerbaýjan gazynyň eksportynyň möçberi 8.2 milliard kubmetre barabar bolup, onuň möçberi 3.1 milliard dollara deňdir.

Bu döwürde Azerbaýjan Gruziýa, Serbiýa, Türkiýe, Bolgariýa, Italiýa we Gresiýa tebigy gaz eksport edip, Russiýadan we Türkmenistandan tebigy gaz import etdi.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi