BIZNES

Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiye-Bolgariýa “ýaşyl” energiýa geçelgesi dörediler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Günorta gaz geçelgesiniň Konsultatiw geňeşiniň 11-nji ministrler mejlisi hem-de “ýaşyl” energiýa boýunça Konstultatiw geňeşiň 3-nji mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Forumyň jemleri boýunça Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiye-Bolgariýa “ýaşyl” energiýa geçelgesiniň döredilmegi üçin özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Dört ýurduň ministrleriniň gol çekmegi bilen sebitde “ýaşyl” energiýa geçelgesini döretmek maksat edinilýär.

Bu ähtnamanyň taslamasy 2025-nji ýylyň fewralynda 4 ýurduň degişli edaralary tarapyndna ylalaşylypdy. Resminam 3 ýyl möhlet bilen baglaşylyp, ýene-de 3 ýyl möhlete uzaltmak mümkinçiligine eýedir. Onuň çäklerinde “ýaşyl” energiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, munuň üçin zerur infrastrukturalary döretmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem resminama laýyklykda, döwlet we hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Elektrik energetika ulgamynda eksport mümkinçilikleriniň hem artdyrylmagy maksat edinilýär.

Resminama Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar, Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow, Bolgariýanyň energetika ministri Zeşko Stankow hem-de Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Wahtang Sinzadze tarapyndan gol çekildi.

Related posts

Hytaýda eýesi tarapyndan taşlanan it auksionda 25 000 dollara satyldy

Türkmenistan’da Pamuk Ekimi Dönemi Başladı

vepa

Türkmen-azerbaýjan işewürler forumy geçiriler