Şu ýylyň 3-nji iýulynda Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki jarnama kabul edildi. Şol resminamada Azerbaýjan BRIKS guramasyna goşulmak baradaky başlangyjyny öňe sürdi. Hytaý tarapy hem öz gezeginde Azerbaýjanyň bu başlangyjyny goldady.
BRIKS 2006-njy ýylda döredilen hökümetara guramanyň esaslandyryjy agzalary Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Russiýa we Günorta Afrika Respublikasy bolup durýar. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Müsüriň, Efiopiýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň we BAE-niň gurama agzalygy kabul edildi.
Şeýle hem bu gurama agza bolmak üçin Alžir, Argentina, Bangladeş, Bahreýn, Belrus, Boliwiýa, Weneseula, Wýetnam, Kuba Gonduras, Indoneziýa, Gazagystan, Kuweýt, Marokko, Nigeriýa, Palestina, Senegal we Tailand ýaly döwletler ýüz tutdy.
Golaýda, Azerbaýjanda döwlet saparynda bolan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi şu ýylyň oktýabrynda Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitiniň çäklerindäki ýörite duşuşyga gatnaşmaga çagyrdy.