SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy: Noýabr

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa,we Türkiýa Wiza almak üçin  resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş noýabr aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.Umuman aýdanyňda, awgust amatly aý bolar, ondan aýratyn päsgelçiliklere we kynçylyklara garaşyp oturmaň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary saklamak we birek-birege goldaw bermek möhümdir. Özüňizde bolup geçýän zatlaryň hemmesine aşa uly baha bermäň. Esasy zat özüňize üns beriň we gowy zatlara garaşyň.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Noýabr – iň halanýan islegleriňizi amala aşyrmak üçin gowy aý. Emma hüşgär bolmak möhümdir! Bu aýda köp çykdajylar bolar. Jübiňiziň çalt boşamazlygy üçin býudjetiňizi meýilleşdirip başlamaly. Ýogsam, maliýe pudagyndaky üstünlikleri hemişelik ýatdan çykaryp bilersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlaryň jemgyýetçilik işleri bilen baglanyşykly pikirleri durmuşa geçirmek üçin amatly wagty bar. Pikirler sözüň doly manysynda kelläňizi doldurýar. Siz bu aýda optimizmiňizi ýakynlaryňyz bilen paýlaşmaga we olar üçin geljegi uly perspektiwalary taýýarlamaga taýyn bolarsyňyz. Size içki sesiňizi diňlemek maslahat berilýär. Ol size kyn ýagdaýda näme etmelidigiňizi aýdar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar bu aýda güýjüniň artjakdygyny duýarlar. Noýabr aýynda beýan edilen islendik pikir gowy netijeleri getirer. Soňky döwürde pikir edýän ägirt uly meýilnamaňyza başlamazdan ozal ähli netijeleri hasaplaň we onuň oňaýly taraplaryny birnäçe gezek ölçäň. Saglygyňyzy alada etmegi ýatdan çykarmaň. Bu aý sportuň howply görnüşleri bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu aý, öňlerinde bellibir maksat goýan seretanlar üçin diýseň gowudyr. Köpler nämä ymtylýandyklaryna we maksada ýetmek üçin näme gurban berip biljekdigine aç-açan düşünerler. Derrew karar talap edýän ýagdaýda has aňsatlyk bilen hereket edip bilersiňiz. Gatnaşyklaryňyzyň adaty iş ýaly bolmazlygy üçin, size we ýoldaşyňyza gyzykly boljak güýmenje tapyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler meýilnamalary durmuşa geçirmäge kömek etjek adamlary gözläp başlamaly. Noýabr aýynda ýyldyzlar ýeke hereket etmek aňsat däl diýýärler. Şonuň üçin maslahaty ýatdan çykarmaň we tejribeli adamlary diňläň. Esetler puly we baýlygy diýseň gowy görýärler. Şonuň üçin noýabr aýynda finans meselesinde bagtly bolarsyňyz. Esetler bu aý howadan hem nädip pul gazanyp boljakdygyny bilýärler. Soňky döwürde köp işleýän bolsaňyz biraz dynç alyň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu aýda ýaltalyk etmeseňiz, köp oňyn duýgulary başdan geçirersiňiz. Häzirki wagtda durmuşda halamaýan zadyňyz hakda pikirleniň. Bu size ýakyn wagtda täze tanyşlyklary ýa-da gowy girdeji getirjek täze pikirleri tapmaga kömek eder. Dostlaryňyz bilen duşuşmak, emosional ýagdaýy gowulaşdyrmaga gowy täsir eder. Ýadyňyzdan çykarmaň, täze bir zadyň gelmegi üçin ilki bilen köne zatlardan dynmaly.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar, noýabr aýynda islegleriňizi hökmany we gatybir zerur däl diýen toparlara bölüň. Birinji sanawy durmuşa geçirip başlaň, ýöne howlukmaň. Mizanlaryň baran ýerinde bu aý söýgi we romantika bolar. Bu hatda sizi gorkuzyp hem biler. Umuman, durmuşdan lezzet alyň we maksatlaryňyza ýetmäge çalyşyň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Noýabr aýynda akraplarda sabyr bolmaz. Amallary çaltlaşdyrmak isläraiňiz, beýlekiler bolsa hemme zady haýal edýärler, şeýlelik bilen hereketleriňizi haýalladýarlar. Esasy zat gödek bolman, dawa-jenjelsiz düşünişmekdir. Düşünmeýän zadyňyz anyklanýança garaşmak maslahat berilýär. Islendik görnüşde sizi goldaýanlara minnetdar boluň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslaryň ahyrsoňy zähmetiniň gadyry bilinip başlar. Kärdeşleriňiziň goldawyndan peýdalanmakdan çekinmäň. Artykmaç näz etmäň, öýkelemäň. Çünki häzir hiç kim siziň näziňizi çekmez, emma ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary bolsa, aňsatlyk bilen bozup bilersiňiz. Şonuň üçin özüňizi saklajak boluň. Wagtyndan öň howsala düşmäň, hemme zat çözüler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Noýabr aýynyň başynda käbir jediler çynlary bilen aşyk bolup bilerler. Bu duýgudan gorkmagyň zerurlygy ýok, ýüregiň çagyryşyna eýeriň. Aýyň ikinji ýarymy syýahat etmek we täze zatlary öwrenmek üçin amatly döwürdir. Wakalaryň merkezinde bolarsyňyz we täze dostlary taparsyňyz. Kärdeşiňiz size goldaw berer.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar bu aý diýseň özüne çekiji bolarlar. Noýabr aýynda her pursat alada edip bilersiňiz. Bu aýa romantikany goşmaga synanyşyň. Noýabr, pullaryňyzy asylly işe goýmak üçin amatly döwürdir. Bu diňe bir edýän işiňize ynam döretmän, eýsem ony dowam etdirmek üçin güýç berer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Noýabr aýynda hutlar gowy dynç almaga mätäç. Çünki olaryň saglyk problemalary ýadawlyk we uky ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykyp biler. Ýakyn adamyňyz siziň pikirleriňizi, ýagdaýyňyzy, keýpiňizi we duýgularyňyzy aňar ýaly hereketleri ediň, dogry sözleri diýiň. Bu aý ýalňyz hutlar ýoldaşyny tapyp bilerler.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama