SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy: Iýun

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okujylar! Size tutuş iýun aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.Umuman aýdanyňda, iýun amatly aý bolar, ondan aýratyn päsgelçiliklere we kynçylyklara garaşyp oturmaň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary saklamak we birek-birege goldaw bermek möhümdir. Özüňizde bolup geçýän zatlaryň hemmesine aşa uly baha bermäň. Esasy zat özüňize üns beriň we gowy zatlara garaşyň.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Iýun aýy hamallara täze mümkinçilikleri berer! Olaryň arasynda baý bolmak mümkinçiligi hem bar. Ýöne köp zähmet çekmeli boljakdygyňyzy ýatdan çykarmaň. Mundan başga-da, iýun aýynyň başy size göriplik edýän adamlara we gybatlara baý bolar. Emma düşünişmekden saklanmak has gowudyr, güýjüňizi sarp etmäň. Olary öz ugurlaryna göýbermek we öz işiňize ünsi jemlemek has peýdaly bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Güneşiň özi siziň tarapyňyzda dur, bu bolsa ähli işleriňizde size kömek etjekdigini aňladýar! Elbetde kynçylyklar bolar, ýöne tutanýerlilik we zähmet size aňsatlyk bilen olary ýeňip geçmäge kömek eder. Özüňize ynamly bolsaňyz, işiňizde ýokary derejelere ýetip bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Hünär derejäňizi, başarnyklaryňyzy we erudisiýaňyzy görkezmek islärsiňiz maksadyňyza ýetersiňiz! Iýun durmuşyňyzda käbir zatlary üýtgetmek üçin ajaýyp pursat, duýgularyňyza görä hereket ediň, maksatlaryňyzy üýtgetmekden ýa-da täze zatlary öwrenmekden gorkmaň. Iş ugruny üýtgetmek isleýän jöwzalar hem hemme zadyň gowy bolmagyna garaşmalydyr. Saglygyňyza has ünsli boluň, ahyrsoňy diş lukmanyna barmaly bolup bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar, iýun aýy durmuşyňyzda nämäniň gitmelidigini we täze ýol üçin ýol açmalydygyny size habar berer. Seretanlaryň öz saýlawynyň dogrulygyny seljermek üçin köp wagty bolar: maksatlaryňyzy gözden geçiriň we olaryň ähmiýeti barada pikirleniň. Başgalar goşulyşmanka, durmuşyňyzda bir zatlary üýtgetmäge başlaň. Bu aý ömür ýoldaşyňyzy tapyp bilersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler, dynç alyň, bu tomus hezil etmek üçindir! Höwes we çyn ýürekden gyzyklanmak arkaly üstünlik gazanyp bilersiňiz. Işewür baglanyşyklardan, gowy tekliplerden peýdalanmaga mümkinçilik alarsyňyz. Iýun, dilleri öwrenmek üçin ajaýyp döwür bolar, sapaklar aňsat we ýakymly bolar. Syýahat etmekçi bolsaňyz, ýanyňyz bilen bir topar eşik alyň, bu aý esetler köpçülikde şöhle saçmak isleýärler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Iýun aýynda beýleki adamlar bilen köp aragatnaşyk saklarsyňyz: siziň üçin bu täze tanyşlyklaryň, hyzmatdaşlygyň, aragatnaşyk gurmagyň, bilelikdäki işleriň döwri. Tomus üçin eýýäm köp zatlary meýilleşdirdiňiz, ýöne pikirleriňizi, esasanam, nätanyş adamlar bilen paýlaşmaga howlukmaň. Möhüm kararlary çalt kabul etmeli däl – dogry adam bilen gürleşmek, maslahatlaşmak has gowudyr. Geljek tomus size iş üýtgeşmeleri, şowlulyklar bilen begendirer, ýöne has köp jogapkärçilik hem bolar. Güýmenje we syýahat üçin wagt tapmagy, öý işlerinden dynç almagy ýatdan çykarmaň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Muzanlar bu aý has güýçlener, şonuň üçin ozal wagtyňyz bolmadyk yza süýşürilen işleri ýerine ýetirmeli. Maksadyňyza ýetmek üçin iýun gaty üstünlikli aý bolar. Ähli güýjüňizi uly göwrümli maksatlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdiriň. Bu size güýçli taraplaryňyzy açmaga we aýagyňyzda berk durmaga mümkinçilik berler! Ýöne daş-töweregiňizi gurşap alýan adamlara seresap boluň. Olaryň käbiri sizden ähli energiýany sorup bilerler. Häzir bolsa, size energiýa gaty gerekdir.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

2022-nji ýylyň iýunynda akraplar üçin gözýetim has giňeler. Bu döwürde gulagyňyza iljek ähli maglumatlar tötänleýin däldir. Diňläň, sizi hyýallardan azat etjek bir syry taparsyňyz. Bilim almak, her dürli okuw we kitap siziň üçin gaty peýdaly bolar. Iş hakda aladalanmak hökman däl, öňki eden ähli tagallalaryňyz öz miwesini berer.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar reňksiz durmuşa razy bolmazlar.. ýüregiňiziň çagyryşy bilen hatda dünýäniň o çünküne-de gitmäge taýyn bolarsyňyz we bu size diýseň peýdaly bolar! Geçmişi yzda galdyryp, durmuşy noldan başlap bilersiňiz. Iş ýerinde hemme zat asuda bolar, garyndaşlaryňyz we dostlaryňyz ygtybarly goldaw bererle. Bu aý özüňizi tanamak, mümkinýilikleriňizi öwrenmek üçin ajaýyp pursat! Şeýle hem ykbalyň garaşylmadyk öwrümleri, syrlaryň aýan edilmegi we köpden bäri dowam edýän işleriň çözülmegi bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Zähmetiňiz üçin mynasyp sylag almaga taýyn boluň – ikirjiňlenmäň: dogry zat siziňki bolar. Iýun aýynda işiňizde uly päsgelçilik bolmaz. Şeýle-de bolsa, bu aý işiňize hüşgär boluň, sebäbi goşmaça jogapkärçilik duýup bilersiňiz. Özüňizi görkezmegiň ýoly, geljekdäki üstünlikleriňize gönüden-göni täsir eder. Ýöne özüňizi durkuňyz bilen işe bermeli däl – emosional ýagdaýyňyza has seresap boluň we mümkin bolan stresleri azaldyň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Iýun daluwlar üçin ýeňil we güýmenje wagty bolar. Şeýle-de bolsa, dynç alyş bilen oýun etmeli däl, soň bir topar borçlar bada-bat kelläňize düşmezligi üçin tabşyryklaryňyzy wagtynda ýerine ýetiriň. Syýahat hökmany diýen ýaly! Başyňy aýlaýan, ýatlamalardan doly syýahat size garaşýar, şonuň üçin ýola taýyn boluň. Tomus aýynyň ahyryna çenli durmuşyňyz düýpgöter üýtgäp biler, köp daluwlar syýahatlarynda öz ýan ýoldaşy bilen duşuşarlar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

2022-nji ýylyň iýun aýy hutlar üçin amatly bolar. Dynç alyp, ýürekden hezil edip bilersiňiz. Gowy habarlara garaşyň, maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen duşuşmak we gatnaşyklary berkitmek üçin köp sebäpler we mümkinçilikler bardyr! Diňe ýürekden höwes edýän işiňize baş goşuň we işeňňir boluň.

Gutardyş döwlet synaglary başlady

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama