SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy: Awgust

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykballara täsir edýän ýyldyzlaryň täleýnamasy bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin tutuş awgust aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.

Seýle-de siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar aýyň başynda işjeň bolarlar we mümkinçiliklerine doly göz ýetirip bilerler. Aýyň başyndan başlap, size hünär şowlulygy ýoldaş bolar. Bu aý hamallar özleriniň üstünlikli taraplaryny görkezip Aýyň soňy dynç almak üçin gowudyr. Sarp edilen energiýany doldurmak üçin bu diýseň amatly bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Aýyň başynda, sowurlarda daş-töwerekdäkiler bilen düşünişmezlikler we maşgala dawalary bolup biler. Seresap boluň we duýgularyňyza syn ediň. Beýleki tarapdan, işde şowlulyk gelýär we maliýe baýraklaryna garaşylýar. Öz üstüňizde işlemegiňizi dowam ediň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Islendik iş we maýa goýumlary üçin ajaýyp aý. Tomusyň soňky aýyny dynç almak we özüňizi has-da güýçlendirmeklige bagyşlaň. Täze romantiki gatnaşyklar mümkin. Emma muňa köre-kör özüňizi bagyş etmäň. Işiňizi ilkinji orunda goýuň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Güýzüň amatly bolmagy üçin ýyldyzlar seretanlara awgust aýynda netijeli işlemegi maslahat berýärler. Maşgalaňyz we garyndaşlaryňyz bilen wagt geçirmek üçin amatly pursat. Dynç alyň, geljekki meýilnamalaryňyzy taýýarlaň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler üçin awgust tomsuň iň amatly aýy bolar. Hemme zat gowy bolar, maliýe ýagdaýy durnuklaşar, uly pul girdejisi hem mümkin. Aýyň ahyryny dynç almaklyga bagyşlaň. Uly güýç kuwwat bilen güýze taýýarlanyň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Aýyň başy gynandyryjy wakalardan doly bolsa-da, ruhdan düşmäň. Awgust aýynyň ortalary sizi garaşylmadyk ýagdaýlar we nagt girdejiler bilen begendirer. Saglygyňyz bilen baglanyşykly problemalar mümkin. Özüňiziň aladaňyzy ediň we howsala düşmäň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ýyldyzlar awgust aýynda ____ durmuşyna girýän ähli üýtgeşmeleri kabul etmegi maslahat berýärler. Işiňizi, ýaşaýan ýeriňizi ýa-da ýaşaýan ýurduňyzy üýtgedip bilersiňiz. Karýeraňyzy ösdürmegiňiz ýa-da maliýe sylagy mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Awgust aýynyň ahyry wakalardan doly bolar. Olaryň ählisi ýakymly däl. Gyssagly iş saparlary mümkin. Maşgalada ownuk düşünişmezlikler bolup biler. Awgust aýynyň soňuny özüňizi terbiýelemäge bagyşlaň, iýmitlenişiňize üns beriň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Awgust aýynyň ilkinji günlerinden üstünlik siziň ýaranyňyz bolar. Her bir amatly pursatdan peýdalanyň we ozal başlan işleriňiziň hemmesini tamamlaň. Islendik maliýe amallary üçin amatly döwür. Garaşylmadyk çeşmelerden nagt girdeji almagyňyz mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Awgust siz üçin iň amatly aýdyr. Ähli zat gowy bolar we kynçylyklar geçer. Dynç almak we maşgalaňyz bilen wagt geçirmek üçin amatly döwür. Özüňize serediň, tutuş ýyldaky ýadawlygyňyzdan dynyň. Saglygyňyza üns beriň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar üçin awgust aýynyň täleýnamasy garaşylmadyk ýagdaýlary wada berýär. Belki, gyzykly adam bilen garaşylmadyk ýakymly tanyşlyk bolar. Ähli işler üçin amatly döwür. Aktiw boluň, ýöne dynç almagy we oňyn duýgulary başdan geçirmegi ýatdan çykarmaň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Balyklar tutuş tomus işjeň işlediler, emma häzir azajyk dynç almagyň wagty geldi. Maşgala dynç alyşyna, tebigata gezelençlere wagt beriň, ýöne saglygyňyza syn ediň. Awgust aýynyň täleýnamasy balyklara täze başlangyçlara başlamazlygy we karz bermezligi maslahat berýär.

Hormatly Prezidentimiz harby uçary synagdan geçirdi

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama