SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Saýtymyzyň hormatly okyjylary! Ykbal ýyldyzlaryňyzyň size nämeler diýýändigini has giňişleýin bilesiňiz gelýän bolsa, size tutuş iýul aýynyň dowamyndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

2021-nji ýylyň iýul aýynda hamallar işde-de, şahsy durmuşda-da özlerini iň gowy tarapdan görkezmeli bolarlar. Päsgelçilikleri yzygiderli ýeňip geçmek ajaýyp netijelere getirer we hamallaryň ajaýyp stili, nepis duýgurlygy we tebigy zehinleri täze taraplar bilen özüni görkezer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Tebigata mahsus bolan hoşniýetlilik berk goldaw we uly höwes gerek bolar. Bularyň hemmesi aýyň başynda ýeterlik bolmaz, ýöne aýyň ahyryna çenli artykmaç hem ýygnanar. Içki ýadro we ýyldyzlaryň howandarlygy dinamiki hakykatda deňagramlylygy saklamaga kömek eder.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Pikirler we arzuwlar hasyl bolýar, şonuň üçin islegleriňize syn ediň. Ýyldyzlaryň umumy hoşniýetliligi bilen, iýul aýyň ikinji ýarymynyň asman durnuksyzlygyna we jöwzalaryň tebigatynyň çylşyrymlylygyna esaslanýan birnäçe duzaklar gurulýar. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň hereketleriniň sebäbine düşünmegi başarjak boluň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Özüňiziň ýalňyzlyk statusyňyzy ýok ediň we ýakyn adamlaryňyz, size häzirki derejäňize ýetmäge kömek eden hemaýatçylaryňyz bilen wagt geçiriň. Aýyň başy, seretanlara ynjalyksylygy, gaharjaňlygy getirer. Ýöne olaryň giňligi we adamlarda ilkinji nobatda gowy zady görmek ukyby, seretanlaryň özlerine-de, olar bilen hyzmatdaşlykda bolanlara-da kanagat getirer.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

2021-nji ýylyň iýuly köpleri peseldip biler, ýöne esetleri däl. Ünsüňiz, hakyky gymmatlyklara bolan höwesiňiz we anyk wezipeler sizi ýolbaşçy wezipelerine alyp barar. Maksatlara ýetmek üçin gowy edep-terbiýä we diplomatiýa bil baglamaly, sebäbi sosial gurşaw ilki bilen daşky häsiýetlere baha bermäge ýykgyn edýär.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Iýul aýynda siziň durmuş potensialyňyz, alçaklygyňyz, özüňize çekmek ukybyňyz ýokarlanýar. Maliýe ýa-da jemgyýetçilik ýagdaýyňyzy gowulaşdyryp bilersiňiz, ýöne birkemsizlik ýa-da aşa tutanýerlilik sebäpli kärdeşleriňiz bilen düşünişmezlik ýa-da ýolbaşçylar bilen dawa-jenjel bolmagy ähtimal. Tekepbirlik etmek sebäpli köp zatdan galmagyňyz hem mümkin.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Iş we onuň netijelerine bolan gyzyklanma, köplenç çak edişiňizenem has gowy netijäni görkezer. Içki pikirlerizi, kynçylyklary paýlamak, hakykata göz ýetirmek we ondaky nokatlary tapmak ukyby sizi hakyky strateglere we 2021-nji ýylyň iýulyny akylyňyzy we gapjygy doldurmak üçin peýdaly gyzykly gözleglere öwürer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

2021-nji ýylyň iýuly akraplary hakyky ýeňişe ýetmek üçin kynçylyklardan we duzaklardan geçmäge çagyrýar. Durmuşyňyzy asuda we parahat geçirmek hem gowudyr. Ýöne durmuşyň hakyky tagamy göreşde we ýeňiş gazanmakdadyr. Seresaplylyk aýyň başynda zyýany ýok, ýöne batyrlyk etmek häzir diýseň möhümdir. Ykbalyňyzyň hojaýyny boluň, bu aý ol size ýylgyryp bakar!

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Tomusyň ikinji aýynda kowuslar özlerini guramak üçin köp tagalla etmeli bolar. Daş-töweregiňizde gaty köp ünsüňizi çekiji wakalar bar, öz pikirleriňiz gaty çuň, siz diýseň duýguçyl, ýöne bu ýagdaýlary ýeňip geçmegi başarsaňyz, özüňizde erk güýjüni tapsaňyz. Işiňiziň netijeleri özüneçekiji bolar. Özüňize ynamly boluň we howsala düşmäň! Siz güýçli we başarnyklysyňyz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Konserwatiw durmuş ýörelgesi zerurdyr, ýöne bulardan başga-da, siziň köpden bäri dynmak isleýän zadyňyz bar. Iýul aýy sizi artykmaç işlerden, aladalardan we edesiňiz gelmeýän zatlary etmekden dyndyrar. Durmuşda öz maksadyňyza ýetmek, barýan ýoluňyzyň has aýdyň bolmagy üçin bu diýseň möhümdir. Aň we usulyýet taýdan osüp başlaýarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

2021-nji ýylyň iýul aýynda daluw öň gazanylan üstünlikleri gorap saklamaly bolar. Iýul, yza gaýdyp bolmajak ädimdir. Daluwyň paýhasylylygy, merhemeti we jikme-jikligi olara bu meseläni çözmäge kömek eder. Ähli zada jogapkärçilikli çemeleşiň. Jemgyýetlilige we adamlara baha bermek ukyby size bu aýda goşulan bonusdyr.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Iýul aýynda hutlar üçin esasy zat, öz üstüňizde işlemek we gowşak taraplaryňyzyň ykbalyňyza täsir etmezligini gazanmakdyr. Maşgalaňyz we dostlaryňyz, şeýle hem bil baglap, arkalaşyp ýören adamlaryňyz size bu meselede kömek eder. Esasy meselä bar ünsüňizi berip, ikinji zatlary aradan aýyrmak ukybyňyz bu aý iň köp peýda almaga kömek eder.

Türkiýedäki talyp haklary barada bildiriş

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama