BIZNES

«Aýly ýaz» gaplamalaryň görnüşlerini köpeldýär

Daşoguz şäherindäki «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti gök önüm we miwe gaplamalarynyň görnüşlerine 24-e ýetirdi. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

«Diňe tebigy önüm» şygaryny öňe sürýän kärhanada «TERi» hem-de «Aýly sähra» haryt nyşanly önümler — pomidor goýutmasy, şiresi, duzlanan pomidor, sarymsak, ajy burç, işdäaçarlar, kelem, ajika, ajy we süýji üwmeçler, şeýle-de gawun, kädi mürepbeleri, dürli görnüşli jemler, şerbetler öndürilýär.

Taýýar önümler ýurdumyzda öndürilýän dürli ölçegdäki çüýşe gaplara gaplanylýar. Kärhananyň ýylda 5 million şertli banka önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.

Gök önümlerdir miweler ýerli daýhanlardan satyn alnyp, döwrebap tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlenilýär. Geljekde uzak möhletleýin kärendesine ýer alyp, miweli baglary, gök önümleri ösdürip ýetişdirmek hem göz öňünde tutulýar.

«Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň çar künjegindäki bazarlara we söwda nokatlaryna ugradylýar.

— Biziň hojalyk jemgyýetimiz 2014-nji ýyldan bäri bu ugurda işleýär. Täze önümçilik kärhanamyz bolsa 2018-nji ýylda işe girizildi. Bu ýerde Türkiýe döwletiniň enjamlary ornaşdyryldy. Häzirki wagtda önümçilik giň gerimde alnyp barlyp, önümlerimiziň görnüşi 24-e ýetirildi. Olara hiç hili himiki reňk we ys berijiler goşulmaýar. Önümleri gaplamakda ulanylýan suwuň arassa bolmagyna-da üns berilýär. Munuň üçin kärhanamyzda ýörite suw arassalaýjy desga ornaşdyryldy. Geçen aýda pomidor goýutmasyny goňşy ýurda eksport etdik. «TERi» hem-de «Aýly sähra» haryt nyşanly önümlerimize isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Bu bolsa bizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar — diýip, «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nurmuhammet Baljaýew gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler