SÖHBETDEŞLIK

Aýdymçy Şamyrat Artykow: Halypalaryň ýoly bilen

  “Şamyradyň aýdymlaryny teleradioýaýlymlarda eşitdigim, gulaga öwrülip diňleýärin. Aýratynam ol tarda aýdym aýdanda, biygtyýar halypalar ýadyňa düşýär. Olaryň ýoluny mynasyp dowam edýän şeýle şägirtleriň zehinine guwanýarsyň” diýip, halypalaryň biriniň ýaş zehinli aýdymçy barada aýdan gürrüňleri ýadymda. Diňleýjileriň köpüsiniňem şeýle pikirdedigi ikuçsyz. Özüm-ä, Şamyradyň tarda aýdym aýdyşyny teleýaýlymda ilkinji sapar görenimde “Şagirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen nakylyň ýönelige döremändigine ýene bir ýola göz ýetiripdim. Şondan bäri köp wagt geçmedigem bolsa, Şamyrat halypalaryň aýdymlarynyň birnäçesini täzeçe öwüşginde ýerine ýetirip, heniz ýaşdygyna garamazdan köpleriň söýgüsini gazanyp, diňleýjilerini tapmagy başardy. Diňe zehin bilen zähmet sazlaşanda şeýle üstünlige ýetip bolýar. Şamyrat häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby. Ýakynda ýaş zehinli aýdymçy bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligimiziň başynda Şamyrat aýdym-saz sungatyna gelşi dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

— 6 ýaşymdakam kakam meni bazara alyp gitdi. Bazara baraňda-da, çaga bolsaň gözüň daş-töweregiňdäki zatlary ilkinji sapar görýän ýaly synlamak bilen bolýarsyň. Meňem gözüm dutar satylýan ýerde eglendi. Öňem teleýaýlymda bagşylaryň dutarda aýdym aýdyşyny görüp hem-de daýym, Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýewiň aýdymlaryny diňläp aýdym-saza höwes edenimdenmi, garaz, dutar satylyp duran ýere bardyk. Kakamyň: “Oglum, sen heniz dutar çalyp, oňa erk ederden kiçi ahyry” diýen sözlerine-de gulak asman dutar aldyrdym. Öýe gelip, elime dutary alyp çalyp görmäge synanyşdym welin, bolmady. Kakam dutar çalmagy öwrenmesem, başga zat bilen serimiň bolmajagyny bilip, obamyzdaky Goçmyrat mugallymyň dutarçylar gurnagyna äkitdi. Goçmyrat mugallym, entek mekdebe barmandygym üçin: “2-nji synpa geçeniňden soňra gel” diýdi. Kakam dutar öwrenesim gelip halys gününe goýmansoň 1-nji synpy tamamlamankam ýene Goçmyrat mugallymyň ýanyna eltdi. Ol maňa pianinanyň klawişlerini basdyryp, synag alyp görüp, kabul etdi. Şondan soňra 3-nji synpa çenli gurnaga gatnap nota boýunça dutar çalmagy öwrendim.

 — Tarda ilki haýsy sazlary çaldyňyz?

— “Nar agajy”, “Läle” ýaly sazlary çalyp öwrendim. Ýuwaş-ýuwaş çalyp bilýän sazlarym köpelip ugrady. Mugallymyň öwredýän sazlarynyň daşyndanam teleradioýaýlymlarda eşidýän sazlarymy özümçe çalmaga türgenleşip başladym.

 — Dutar çalýana aýdym aýtmagam daşda däl. Siz Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň ýolundan tar saz guralyny çalyp, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirýän aýdymçy hökmünde tanalýarsyňyz. Hem  saz çalyp, hem aýdym aýtmagyňyza-da dutar sebäp bolan bolmaly.

— Çaga dünýäsi bilesigeliji bolýar. Oňaryp-oňarmajagyna garamazdan, bir iş etse, başga işleriňem başyna barasy gelýär. Menem dutar çalyp bilmeýärkäm-ä, şoňa ýetibilsem armanym ýokdy. Ony öwrenemden soňra-da, aýdym aýtmak höwesi döräp ugrady. Teleýaýlymda halypalaryň aýdym aýdyşyna seredip 5-nji synpa çenli özbaşdak öwrendim. Dutarda ilkinji gezek “Bu jennetdir” aýdymyny diňläp öwrenenimdäki begenjim şu günki ýaly ýadymda. Soňra obamyzdan halypa bagşy Täçmuhammet Myradowyň ýany bilen toýlara gidip başladym. Toýlarda dutarda halk aýdymlaryny estrada geçirip aýdýardym. Teleýaýlymyň arhiwinden Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň aýdymlary goýberilse sypdyrman diňleýärdim.  Mekdepden öýe geldigim, halypam  Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirmyrat Gurbanowyň, Bekmyrat Ýazmyradowyň tar saz guralynda aýdýan aýdymlarynyň ýazgylaryny diňleýärdim. Şeýdip, mende-de tarda aýdym aýtmak höwesi döredi. Täçmuhammet Myradowa tar çalasymyň gelýändigini aýdanymda, ol tarlarynyň birini maňa berdi. Soňra tar çalyp, aýdym aýtmagy özbaşdak öwrenip başladym. Dutary öwrenseň beýleki saz gurallaryny çalmak kyn düşenok ekeni.

 — Tarda ilkinji sapar haýsy aýdymy ýerine ýetirdiňiz?

— Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň “Kakan gyz” aýdymyny ýerine ýetirdim. Soňra halypanyň “Ala gözli humaýym”, “Aramyzda”, “Baş gitmek”, “Ene ýüregi”,  “Aýa döndi”, “Bellidir” ýaly aýdymlaryny hem öwrenip, tarda ýerine ýetirip başladym.

— Halypalaryň aýdymlaryny irginsiz öwrenip, olaryň ýolundan aýdym aýtmagyňyzyň, aýdym-saz sungatynda täze ädimleri ätlemegiňize, döredijiligiň täze gözlegler bilen baýlaşmagyna ýardamy uludyr.

— Elbetde, “Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz” diýlişi ýaly,   halypalaryň döredijiligi biziň üçin uly mekdep. Olaryň döreden aýdymlarynyň her birinden öwrenere zat gaty köp.

Mekdebi tamamlan ýylym Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýanynda açylan sungat studiýasynyň drama we kino aktýory bölümine okuwa girdim. Ol ýerde okaýarkam, telaýaýlymlaryň aýdym-saz gepleşiklerinde halypalaryň ýerine ýetiren aýdymlary bilen çykyş edip başladym.

Öwezgeldi halypanyň aýdymlaryndan başga-da, Bekmyrat Ýazmyradowyň hem aýdymlaryny diňläp, uly höwes bilen ýerine ýetirýärin. Olaryň arasynda: “Eje jan”, “Ezizim ýok araňyzda”, “Läläm”, “Neýläýin”, “Gözleýän”, “Sen şeýle eziz” ýaly halkymyzyň söýgüsini gazanan birnäçe aýdymlar bar.

Şirmyrat Gurbanowyň tarda ýerine ýetirýän “Aýdaýsana adyňy”, “Çaşgynym”, “Aýnabat”, “Altyn” ýaly aýdymlary halypanyň özünden öwrendim.

Halypalaryň aýdymlaryny diňledigiňçe kalbyňda sungata söýgiň öňküden-de artýar. Çaga wagtym mamamlara baranymda daýymyň aýdýan aýdymlaryny diňläp, menem höwes ederdim. Häzirki wagtda estrada ýolundan hem aýdymlary aýdýaryn. Bu babatda Suhanberdi daýym bilen maslahatlaşýaryn. Ol maňa estradada aýdym aýtmagyň inçe tärlerini öwredip, halypa maslahatlaryny berip durýar. Onuň esasy sargaýan zady: “Aýdymy ýerine ýetirýäniň özüni diňläp öwren. Şonda aýdymy ýoýman, hasabyny ýalňyşman ýerine ýetirersiň” diýýär.

Siz halypalaryň aýdymlaryndan daşgary şahyrlaryň goşgularyna hem aýdymlary döredýärsiňiz. Şeýle-de estrada aýdymlaryny-da tara geçirip ýerine ýetirýärsiňiz.

 — Hawa, sazandalarymyz bilen şahyr Myrat Ömrüň “Watan seniň gujagyňda”, “Gülleýär Watan”, şeýle-de ýaş şahyr Nowruz Güýjowyň “Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly aýdymlary döredip, halkymyza ýetirdik. “Arzymy aýtmaga geldim”, “Asyl söýgä uýmakdanmy” ýaly aýdymlary bolsa tara geçirip ýerine ýetirýärin.

— Sazandalaryňyz dogrusynda-da aýdaýsaňyz.

— Bir zady aýratyn belläsim gelýär. Aýdymyň şowly çykmagynda sözüň, sazyň, ýerine ýetirijiniň tagallasynyň birleşmeginiň zerur bolşy ýaly, tarda aýdym aýdanyňda-da gapdalyňdaky sazandalaryňa köp zat bagly. Olaryň aýdym ýerine ýetirilýärkä, aýdymçy bilen deň gadam urmasy gerek. Şu babatda men kösenemok. Akkerdeonçy Hudaýnazar Annamow, depçiler Nurgeldi Nuryýew, Hangeldi Amanow, klawişli saz gurallaryny çalýan Kasym Hojamgulyýew, Goçmyrat Muhammmetmyradow dagy sazandarlyk etmek bilen birlikde, halypalyk maslahatlaryny hem berýärler. Bu bolsa maňa aýdymlarymy uly hyjuw, joşgun, ynam bilen ýerine ýetirmegime goltgy berýär.

— Halypalaryň aýdymlaryny täzeçe öwüşginde halka ýetirmekde haýsy kompozitorlar bilen işleşýärsiňiz?

— Kompozitor Ahad Sadykow aýdymlarymyň sazlaryny täzeçe öwüşginde işleýär.

Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Hakberdi Hudaýberdiýew Öwezgeldi halypanyň “Ady näme” aýdymynyň sazyny täzeçe öwüşginde işläp berdi. Bu aýdymy ýakynda “Türkmen owazy” teleýaýlymynda şekile geçirip halkymyza ýetirdik.

— Döredijilik adamsynyň durmuşynda sungat bilen baglanyşykly wakalar, şowly pursatlar ýatdan çykmajak täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle pursatlary ýatlaýsaňyz.

2012-nji ýylda “Ýaşlyk” teleýaýlymynda “Ýyldyzlara gadam” atly bäsleşikli gepleşige gatnaşyp, üstünlikli çykyş edenim şu günki ýaly ýadymda. Şonda halypalaryň ýerine ýetiren “Garagöz” atly aýdymyny aýtdym. Şeýle-de 2017-nji ýylda Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp Ýusup Ýegenowyň režissýorlyk etmeginde “Ýaşlyk” teleýaýlymynda surata düşürilen “Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok” atly telefilmde surata düşmegim durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri.  Şol ýylda nesibäm çekip, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak miýesser etdi. Bu ýerde sungata baglanan her bir pursadymyz bagtyýarlyga eýe. Institutymyzda halypa mugallymlardan sungatyň inçe tärlerini öwrenýäris.

— Her bir döredijilik adamsy bir zatdan ylham alýar. Siz nämeden ylham alýarsyňyz?

 — Sungat adamsy elmydama gözlegde bolýar. Halypalaryň aýdymlaryny diňläp, şolardan ylham alyp, täze heň dörese, sazandalarym bilen ýazga geçirýärin. Öwezgeldi halypa köplenç, özi joşup aýdym döreder eken. Halypanyň “Neýläýin”, “Lebaply gyz”, “Ady näme” atly aýdymlary şeýle dörän aýdymlar.

— Aýdymçyny sesini nähili aýasa gowy?

Aýdymçy üçin ses birinji nobatda durýar. Sesiňi ýetginjeklik döwründen aýamaly. Şol döwürde sesiň gyrylsa, soňra gaýdyp öňki sesiň gelmeýär. Sesiňi ilkinji nobatda sowukdan goramaly hem-de wagtynda ukyňy almaly. Irden turanyňdan aýdym aýdybermeli däl. Oňarsaň günortandan soňra aýdym aýtmaly.

Şamyrat, sesimiziň ýazgylaryny diňlesek käbirimiziň göwnümize ýaramaýar. Bu babatda siz nähili?

 — Men hasam çaga wagtym şeýledim. Öz sesim özüme ýaramaýardy. Ses ýazdyrylýan enjama sesimi ýazdyryp diňläp görerdim. Halamadyk ýerimi gaýtadan ýazdyrardym. Garaz, sesimi owadanlamaga çalşardym.

— Maşgalaňyz dogrusynda aýdaýsaňyz. Olaryň sungatyňyza garaýşy nähili?

— Biz maşgalada üç dogan. Jigilerim Çynar, Şirmyrat aýdymlarymy höwes bilen diňleýär. Şirmyrat toýlarda aýdym aýtmaga gidenimde ýanymda dep çalýar.

Gelnim Ogulamanyň hem sungatyma hormaty uly. Ogullarym Owazmyrat bilen Atamyrat hem nesip bolsa geljekde sungat ýolundan gider diýen umydym bar.

 — Häzirki wagtda işleýän aýdymlaryňyz?

— Halypalaryň ýerine ýetiren “Gyzlar”, “Gözleýän” atly aýdymlaryny işleýärin.

— Öňüňizde goýýan maksadyňyz?

Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýew türkmen estradasynyň düýbüni tutujylaryň biri bolup, tar saz guralynda “üçlük” görnüşinde aýdymlary ýerine ýetirip öz ýoluny goýdy.

Menem halypalaryň bize miras goýan ýoluny ýoýman halkymyza ýetirmegi, galyberse-de, taryň ýolundan täze aýdymlary döretmegi maksat edinýärin.

 — Arzuwlaryňyzy paýlaşaýsyňyz?

Halypa-şägirtlik mekdebine uly üns berýän, biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

 — Şamyrat, mundan hem beýläk halypalaryň ýoluny mynasyp dowam etdirmekde döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris. Şirin labyzly, ajaýyp owazyňyz belentden ýaňlansyn!

— Sagboluň!

 

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewa bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda