SPORT

“Aýaksyň” 36-njy, “Seltigiň” 52-nji çempionlygy

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda futbol möwsümi tamamlanyp barýar. Şol çempionatlaryň aglabasynda çempionlar belli boldy.

Häzirki wagtda Niderlandlaryň we Şotlandiýanyň çempionatynda çempionlar belli boldy. Niderlandlaryň çempionatynda “Aýaks” topary taryhyndaky 36-njy çempionlygyny gazandy.

Bassyr 3-nji yzly-yzyna çempionlygyny gazanan “Aýaks” çempionatyň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda “Herenwen” toparyny 5:0 hasabynda utup, çempion boldy.

Amsterdam şäheriniň topary 3 ýyl yzly-yzyna çempion bolýar. 36 gezek çempion bolan “Aýaks” toparyny bu ugurda “PSW” topary yzarlaýar. Bu topar 24 gezek çempion bolupdy.

“Aýaks” toparynyň baş tälimçisi Erik ten Hag indiki möwsümde “Mançester Ýunaýted” toparyna tälim berýär.

“SELTIK” 52-NJI GEZEK ÇEMPION BOLDY

Şotlandiýanyň çempionatynda bolsa, “Seltik” topary çempion bolmagy başardy. Enja Postekoglunyň “Seltik” topary “Dandi Ýunaýted” topary bilen deňme-deň oýnap, 37 tapgyrdan soňra 90 utuk jemledi. Çempionatyň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda “Seltik” topary esasy bäsdeşi “Reýnjers” toparyndan 4 utuk öňde barýar.

Şeýlelikde, Glazgo şäheriniň “Seltik” topary taryhyndaky 52-nji çempionlygyny gazandy. “Reýnjers” topary 55 gezek çempion boldy.

 

De Bruýneniň karýerasyndaky ilkinji “poker”

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy