SIZDEN GELENLER

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara baý bolan awgust aýyna gadam basdyk. Ýene sanlyja günden Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň ykbalyna dahylly möhüm diplomatik çäre — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Şu günler bolsa Hazaryň gözel türkmen kenary iri forumyň ilkinji myhmanlaryny kabul edip başlady. Hemişe bolşy ýaly, olar türkmen myhmansöýerliginiň iň naýbaşy däpleri bilen garşylanylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni möhüm ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu şanly ýyl we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlarda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şolaryň üstüni ýetirjek möhüm çäreleriň biri hem 4 — 8-nji awgust aralygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Awaza forumydyr. Soňky ýyllarda halkara gepleşikleriň özboluşly meýdançasyna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň durnukly mehanizmini döretmek boýunça başlangyçlaryna daýanýar.

BMG bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň dowamynda guralmagy göz öňünde tutulýan çäreler jemi 7 sany ugry öz içine alýar. Olaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin oňaýly şertler dörediler. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça geçiriljek çäreler hem uly orun tutýar. Munuň özi döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine uly ýardam berer. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini hem bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şol ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän strategik platformadyr. Maslahatyň barşynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara söwda ulgamyna gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän täze strategiýalaryň kabul edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly halkara taslamalaryň öňe sürülmegi mümkindir. Ekologiýa, energetika hem-de sanly arabaglanyşyk ugurlary boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň döredilmegi hem özara hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga ukyplydyr. 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahat-çylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolupdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kanun çykaryjy edaralara möhüm orun degişlidir. Forumda ýurtlaryň bu ugurda görýän çäreleri, kabul eden kanunlary, degişli strategiýalary ara alnyp maslahatlaşylar. Bu pikir alyşmalar ýurtlaryň ösüşiniň diňe ykdysady däl, eýsem, durmuş we ekologiýa taýdan hem durnukly bolmagyna goşant goşar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzirki wagtda ulag-kommunikasiýa we inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşyk işleri hem güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän aragatnaşyk ulgamynyň ýola goýulmagy bu ýerde dynç alýanlar üçin ähli amatlyklary döredýär. Döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen işe girizilmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ulag-logistika düzüminiň has-da kämilleşdirilýändiginiň güwäsi boldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem tehniki we tehnologik taýdan üpjünçilik derejesiniň ýokarydygy bilen tapawutlanyp, Hazar deňziniň türkmen kenarynda kuwwatly ulag infrastrukturasynyň döredilendigini alamatlandyrýar.

Dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Şöhrat Poladow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk