BILIM

Awtorlarymyza minnetdarlyk: Halkara gatnaşyklary instituty

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary ýurdumyzda bolup geçýän gündelik täzelikleri hem-de dünýäde dürli ugurlardaky – syýasatda, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlardaky habardyr täzelikleri okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmek üçin tagalla edýär.  Şeýle hem ýurdumyzda we dünýäde sanly ulgamyň giňden durmuşa ornaşdyrylýan döwründe habardyr täzelikleriň hem-de gyzykly maglumatlaryň okyjylara çalt depginde ýetirilmegi internet neşirleriniň paýyna düşýär. Bu internet neşirleri diňe bir gyzykly habarlary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli pudaklar boýunça hem hemişe peýdalanyp boljak makalalar toplumyny hem neşirimize ýerleşdirýäris.

Bu babatda ýurdumyzyň köp sanly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, beýleki ylmy ojaklaryň bilermenleriniň makalalaryny internet neşirimiziň “Sizden gelenler” bölümine ýerleşdirýäris.

“Alexa” reýting maglumatlaryna görä, Türkmenistandan girilýän saýtlaryň arasynda “Google” saýtyndan soňra ikinji, Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda bolsa birinji orunda durýan  saýtymyz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, dürli makalalary we habarlary yzygiderli iberip durýan ýokary okuw mekdepleriniň biri hem – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutydyr. Bu bilim ojagynyň talyplary hem bize dünýäde giňden bellenilýän BMG we onuň düzümleri tarapyndan esaslandyrylan halkara baýramçylyklar we ýurdumyzdaky gündelik wakalar bilen baglanyşykly makalalaryny iberip durýarlar. Olaryň bu makalalar toplumy internet neşirimiziň goruny baýlaşdyryp, köp sanly okyjylar köpçüligi üçin hem giň  gollanma bolup hyzmat eder.

Umuman, hem özümize hem-de okyjylarymyza peýdaly bolar ýaly, makalalar toplumlaryna garaşýarys. Her ýokary okuw mekdebi öz ugry boýunça makalalary bilen çykyş edip dursalar, internet giňişliginde bu ugurlarda peýdaly hem-de elýeterli gollanma gory emele geler.

Pursatdan peýdalanyp, internet saýtymyzyň Interaktiw sahypasy – “Sizden gelenler” bölümine makalalardyr habarlaryňyzy atawatanhabar@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermegiňizi haýyş edýäris.

 

Dünýäde kagyza isleg azalýar

 

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

«Sanly çözgüt – 2025» innowasion bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar