BILIM

Awtomobil mekdeplerde synaglary geçirmegiň Täze tertibi

Awtomobil mekdeplerde synaglary geçirmegiň Täze tertibi tassyklanyldy.  Bu Tertip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň  2021-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 44-iş belgili Buýrugy bilen tassyklanyldy. Şu Tertip awtoulag  serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin isleg bildirýän adamlary taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrýan awtomobil mekdeplerinde okuwyny tamamlan Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň awtomobil mekdeplerinde awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda doly möçberde taýýarlygynyň, gaýtadan taýýarlygynyň jemlerini we olaryň ýetişigini kesgitlemek hem-de olara  okuwy tamamlandygy baradaky degişli şahadatnama gowşurmak üçin synaglary guramagyň we geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

Tertibe görä, Synaglar iki tapgyrda, ýagny nazaryýet hem-de iş ýüzünde ulag serişdelerini dolandyrmak ukybyny barlamak görnüşinde geçiriler. Iş ýüzünde ulag serişdelerini dolandyrmak ukybyny barlamagyň birinji tapgyry awtotürgenleşik meýdançalarynda, olaryň bolmadyk ýerlerinde bolsa, hereketiň ýok we ilatly ýeriň çäginden daşda ýerleşýän boş meýdançalarda geçirilýär. Iş ýüzünde ulag serişdelerini dolandyrmak ukybyny barlamagyň ikinji tapgyry ilatly ýerlerde hereketiň az bolan we PÝGG bilen ylalaşylan ýol ugurlarynda geçiriler.

Tertip, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda 1551 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Täze SYNAG TERTIBI  şu ýerden alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler