DÜNÝÄ

Awazadaky maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi

8-nji iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu gurama bilen hyzmatdaşlykda ýokary derejeli forumy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bellenildi.

Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň gatnaşmagynda degişli Ylalaşyga gol çekilmegi bu halkara çäräniň uly ähmiýetini görkezýär. Onda bellenilişine görä, halkara forumy ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk çärelerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi