SIZDEN GELENLER

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrýar. Şanly senäniň çäklerinde ýurdumyzda iri halkara çäreler guralýar. Ine, şolaryň biri hem Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatydyr.

Bu iri foruma taýýarlyk görülýän döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda iş saparynda wagty guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şeýle hem, dünýäniň 50-den gowrak abraýly, halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan şu günki günde dünýä döwletleri bilen ylym-bilim, medeniýet, ýangyç-energetika, ulag-logistika, lukmançylyk, ekologiýa, senagat diplomatiýasynyň dürli ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda dürli ugurlara degişli halkara maslahatlar, forumlar, Parlamentara duşuşyklar geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahaty geçiriler. Maslahatyň çäklerinde Zenanlar, Ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi göz öňüne tutulýar. Häzirki wagtda bu uly halkara maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle uly ähmiýetli halkara maslahatyň geçirilmegi ata Watanymyzda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, birnäçe halkara ylalaşyklary gazanmaga giň ýol açýar.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bäş gün dowam etjek halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreler meýilleşdirilýär. Forumyň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, mowzuklaýyn sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet günlerini öz içine alýar.

Forumyň dowamynda plenar mejlisler, ýokary derejeli bäş sany mowzuklaýyn «tegelek stol» we ýedi sany ýokary derejeli forum geçiriler. Olaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we aragatnaşyk boýunça çäre bar.

Şeýle hem gatnaşyjy döwletler, halkara guramalar we türkmen tarapy tarapyndan guralýan birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Olar ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet ýaly mowzuklara bagyşlanar.

Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatnama laýyklykda, 5-nji awgustda günüň birinji ýarymynda forumyň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty her 10 ýylda bir gezek geçirilýär. Bu halkara maslahatyň birinjisi 2003-nji ýylyň awgust aýynyň 28-29-yna Gazagystanyň Almaty şäherinde, ikinji maslahaty bolsa 2014-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilipdi.

Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Balkan Myradow, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

Hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi

Ata Watan Eserleri

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler