SIZDEN GELENLER

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Watanymyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu forum hem-de onuň çäklerinde geçiriljek ugurdaş çäreler diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň barha berkidilmegine ýardam eder. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahat bilen bagly degişli Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 57 döwleti şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. 4-nji iýulda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda gol çeken Karary bu halkara çäräni hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirmäge badalga berdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni möhüm ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu şanly ýyl we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlarda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şolaryň üstüni ýetirjek möhüm çäreleriň biri hem 4 — 8-nji awgust aralygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Awaza forumydyr.

Soňky ýyllarda halkara gepleşikleriň özboluşly meýdançasyna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň durnukly mehanizmini döretmek boýunça başlangyçlaryna daýanýar.

Bu maslahat 40-a golaý döwletden we halkara guramalardan, maliýe, işewürlik we ylmy edaralardan ýokary derejeli wekilleri ýurdumyza jemläpdi. BMG-niň bu gezekki ýokary wekilçilikli forumyna hem-de onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul ediljek Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge hem-de ýakyn onýyllykda, has takygy, 2024 — 2034-nji ýyllarda durnukly ösüş ýoluna düşmäge goldaw berip, ähli gyzyklanýan taraplara gymmatly ýolgörkeziji bolar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar 570 milliondan gowrak adamy bolan ösýän bazary özünde jemleýär. Çaklamalara görä, bu görkeziji 2060-njy ýyla çenli 1 milliarddan geçer. Häzirki wagtda bu bazaryň göwrümi 836 milliard amerikan dollary möçberinde bahalandyrylýar.

Awazada 2022-nji ýylyň awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat üstünlikli geçirildi.

Halkara forumyň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Şolaryň hatarynda halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralary hem-de plenar mejlisleri; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollaryň» 5-si bar. Ýokary derejedäki 7 sany forum bolsa Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy, parlament, hususy pudak, raýat jemgyýeti, ýaşlar, zenanlar, arabaglanyşyk ýaly ugurlarda pikir hem tejribe alyşmalar üçin netijeli meýdançany emele getirer.

Goý, hemişelik Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine, has-da röwşen geljege sary ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda döwletli işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gadam Orazberdiýew, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory. 

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy