SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Awaza” dynç alyş zolagyna Aşgabatdan şäherara awtobuslar bilen gitmek

“Awaza” dynç alyş zolagyna Aşgabatdan şäherara awtobuslar gatnar. Bu barada www.turkmenistan.gov.tm saýtynda aýdylýar. Habarda bellenişine görä, 11-nji iýundan başlap Aşgabat bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar.

Şäherara awtobuslar her gün irden sagat 06:00-da paýtagtymyzyň Halkara awtomenzilinden ugrar. Ýolagçylyk wagty 7-8 sagat dowam eder. Ýolda diňe bir duralga göz öňünde tutulýar. “Watançy” myhmanhanasynyň ýanyndaky döwrebap awtoulag duralgasy onuň ahyrky nokady bolar.

Mundan başga-da, sagat 13:00-da Awaza milli syýahatçylyk zolagyndan Aşgabada şäherara awtobuslar ugrar.  Bu ugur Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň paýly gatnaşygynda döredilen «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy.

Raýatlara amatly bolmagy üçin, Türkmenistanda şäherara awtobuslara bilet satmagyň onlaýn hyzmaty-da işe girizildi. Ýolagçylar “Awtomobil ulag hyzmatynyň” resmi saýtyndan ýa-da smartfonlar üçin goşmaça goşundydan öz isleýän senelerine ýol petek alyp bilerler.

Munuň üçin gözleg setirinde barmaly we gelmeli ýerleri görkezmelidir. Ýolagçy ulagda oturjak ýerini-de özbaşdak saýlap biler. Petek tölegi bank karty arkaly amala aşyrylýar.

Şäherara gatnaw awtobus ugurlarynyň arasynda Aşgabat, Gyzylarbat, Türkmenbaşy, Mollagara, Hazar, Tejen, Mary, Baýramaly we ýurdumyzyň beýleki ilatly nokatlary bar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Aşgabat-Balkanabat, Türkmenabat-Balkanabat, Mary-Balkanabat we Daşoguz-Balkanabat gatnawlary ýola goýulýar

Türkiýä 3 aýda syýahatçylyk pudagyndan 9,5 milliard dollar girdeji gazandy