JEMGYÝET

«Awaza»: dynç alyş möwsümine taýýarlyk

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy deňizýaka sebite saparynyň çäklerinde Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ilki bilen, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumynda ýerine ýetirilýän işler, gurluşygyň hil derejesi, ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan toplumda adamlaryň amatly ýaşaýşy, oňaýly dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda bina edilen kottejler toplumyna häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän at dakmak başlangyjyny öňe sürdi we ýurdumyzyň telekeçileriniň bu baradaky teklipleri bilen gyzyklandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň rowaç alýandygy, umuman, häzirki döwrüň her bir pursadynyň rowaçlyklara beslenýändigi nazara alnyp, bu topluma “Rowaç” diýip at dakmak baradaky teklip öňe sürüldi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň rowaç gadamlaryna kybap gelýändigini belläp, bu toplumy “Rowaç” diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullady.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi bilen bilelikde, amatly howa gurşawy bolan kenar ýakasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýerde ulular üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.

Häkim “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň oňaýly dynç almagy, wagtyny peýdaly geçirmegi üçin niýetlenen merkezlerde iň döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylandygy, şolarda diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, ulular üçin hem ähli şertleriň döredilýändigi barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna gürrüň berdi.

 

 

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi