JEMGYÝET

“Awazada” dynç almagyň tertibi

Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky möwsümde dynç almaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hazaryň kenarynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N. Amannepesow hasabat berdi. Ol hasabatynyň barşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi barada maglumat berdi.

  • Raýatlar dynç alşa gelmeginden we gitmezinden öň ýollannama alandan soňra olara ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite ýerlerde, ýagny Saglyk öýlerinde Kowid-19-a garşy sanjym ediler.
  • Bu işleri guramak üçin zerur bolan anyklaýyş we sarp ediş serişdeleri ýeterlik mukdarda bolup, olaryň ätiýaçlyk gory döredildi.
  • Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamlary ýurdumyza getirildi. Bu enjamlary Türkmenbaşy şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek barlaghanasynda gurnamak meýilleşdirilýär.
  • Dynç alşa gitmek üçin 18 ýaşdan uly raýatlara Kowid-19-a garşy sanjym edilendigi barada lukmançylyk gözegçiliginden, soňky 72 sagadyň dowamynda Kowid-19 test barlagyndan, 18 ýaşa çenli raýatlara bolsa soňky 72 sagadyň dowamynda Kowid-19 test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamalar berler.
  • Awazadaky hyzmat edýän desgalara kabul ediljek işgärler bellenilen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçirilip, olardan Kowid-19 test barlagynyň netijenamasy talap ediler.
  • Häzirki döwürde bu işgärlere Kowid-19 ýokanjyna garşy sanjymler ýerine ýetirildi.
  • Syýahatçylyk zolagynyň çäginde ilata hyzmata edýän işgärler her 15 günden çalşyk görnüşinde işlärler we her çalşykda Kowid-19 test barlagyny geçirmek meýilleşdirilýär.
  • Russiýa Federasiýasyndan 3 görnüşli we Hytaý Halk Respublikasyndan 2 görnüşli waksina ýurdumyza getirildi.
  • Häzirki döwürde ilatymyza sanjym işlerini geçirmek üçin bu waksinalaryň ýeterlik mukdary bar.
  • Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän raýatlara Türkmenbaşy şäheriniň howa we demirýol menzillerinde beden gyzgynlygy ölçenilýär.
  • Syýahatçylyk zolagynda dynç alşy bökdençsiz guramak maksady bilen bu zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň, kottejleriň we sagaldyş merkezleriniň her birinde lukmançylyk otaglary, şeýle hem ýiti ýokanç keseli guman edilen ýagdýalarynda näsaglary çetleşdirmek üçin izolýatorlar döredildi.
  • Bu otaglar we izolýatorlar zerur bolan saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün edilip, olarda tejribeli lukmanlaryň nobatçylygy guralar.
  • Zerurlyk ýüze çykanda gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin lukmançylyk nokady döredilip, oňa “Tiz kömek” awtoulagy berkidiler we onuň işi gije-gündizleýin ýola goýlar.
  • Dynç alyş möwsüminde syýahatçylyk zolagynda 35 lukman, 35 şepagat uýasy we 12 sanitar lukmanlary saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrar.
  • Dynç alyş döwründe ýiti öýken sowuklama keseli guman edilen adamlar “Awaza” etrabynda ýerleşýän ozal hereket edýän karantin merkezine gözegçilik etmek üçin ýerleşdiriler.
  • Awaza ýerleşýän desgalarda we olaryň daş-töwereginde dizenfeksiýa, dizenseksiýa we deraksizasiýa işleri yzygiderli geçirilýär.
  • Bu desgalardaky naharhanalarda we aşhanalarda jemgyýetçilik iýmitiň guralyşyna, iýmit önümleriniň hiline, howpsuzlygyna we saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik ediler.
  • Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa, sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýyna, zolagyň çäginde ýerleşýän agyz suwy süýjediji desgada, şeýle hem beýleki desgalarda we deňziň kenar ýakasynda suwa düşülýän we dynç alynýan zolagynda arassaçylyk ýagdaýyna birsyhly gözegçilik amala aşyrylar.
  • Deňziň türkmen kenarynyň bellenilen nokatlaryndan suwuň, topragyň we howanyň barlaglary meýilnamalaýyn esasda geçirilip durlar.

“Awaza” ýörite otly gatnawlary guralar

“Awaza” goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär