DÜNÝÄ

Awaza dünýä döwletleriniň wekiliýetleriniň gelmegi dowam edýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeli BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Estoniýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine geldi.

Wekiliýete ýurduň Daşary işler ministriniň daşary söwda we ösüş işleri boýunça orunbasary hanym Mariin Ratnig ýolbaşçylyk edýär. Belent mertebeli myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde mähirli garşy alyndy.

Estoniýanyň daşary söwda we ösüş boýunça ýokary derejeli wekiliniň bu foruma gatnaşmagy, maslahatyň gün tertibindäki ykdysady we maýa goýum meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn goşant goşar. Bu halkara hyzmatdaşlygynyň, aýratyn hem deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly ösüşini goldamak ulgamynda täze ugurlary açmaga ýardam berer.

***

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Burkina-Fasonyň Döwlet ministri Traore Karamoko Jean Mariniň we Territorial dolandyryş we mobillik ministri Emile Zerbonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.
Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlar resmi adamlar tarapyndan hem-de türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşy alyndy.
Burkina-Fasonyň bu möhüm foruma ministrler derejesinde gatnaşmagy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň umumy bähbitlerini ara alyp maslahatlaşmaga we öňe sürmäge uly goşant goşar, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarynyň kesgitlenmegine ýardam berer.

***

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşýan möhüm halkara platforma öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, bu gün ýene bir ýokary derejeli wekiliýeti kabul etdi. 4-nji awgustda foruma Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Wise-premýer-ministri jenap Gaudensio Mohaba Mesunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.
Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonan belent mertebeli myhman we onuň ýanyndaky wekiliýet, türkmen topragynda resmi ýagdaýda hem-de myhmansöýerligiň belent ruhunda garşylandy.
Hökümet başlygynyň orunbasary derejesinde wekilçilik edilmegi, Ekwatorial Gwineýanyň bu maslahatyň maksatlaryna we gün tertibindäki meselelere uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

***

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeli BMG-niň ýokary derejeli maslahaty dünýäniň dürli künjeklerinden wekiliýetleri kabul etmegini dowam etdirýär. Şu gün, 4-nji awgustda bu möhüm foruma gatnaşyjylaryň hataryna Çehiýa Respublikasynyň wekiliýeti hem goşuldy.
Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Kozak Jiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde resmi ýagdaýda hem-de türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik bilen garşy alyndy.
Çehiýa ýaly döwletleriň wekiliýetleriniň bu maslahata gatnaşmagy, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meselelerine ählumumy derejede ähmiýet berilýändiginiň nyşanydyr we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Ýene-de okaň

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler

Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Awaza geldi

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Türkmenistana geldi

BMG-niň Awaza maslahaty: Raýat jemgyýetiniň forumy

BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy