Şu ýylyň 4 ― 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty diňe bir şu ýylyň däl, eýsem, tutuş döwrüň esasy wakalarynyň biri bolar. Her onýyllykda bir gezek geçirilýän bu abraýly maslahata ähli watandaşlarymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Ýene sanlyja günlerden ajaýyp «Awazada» geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bu hakykaty ýene bir gezek al-asmana göterjek belentlik bolar.
Ýadyňyzda bolsa, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 13-nji iýulynda bu maslahaty geçirmäge bagyşlanan maslahatda forumyň çäginde geçiriljek çäreleriň 7 sany esasy ugry öz içine aljakdygyny aýdypdy.
Awaza forumynyň esasy maksady durmuş abadançylygy we ykdysady ösüş üçin hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen baglanyşyklydyr. Hususyýetçilik ykdysady ösüşiň depginini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyply pudak hasaplanylýar. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-logistika düzümleriniň mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn tejribeler maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hususy pudagynyň wekilleri üçin iňňän peýdaly bolup biler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy «Awaza» maksatnamasy» — diýlip atlandyryljakdygy, şeýle hem bu maslahaty döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçirmek barada karar kabul edildi. Şu ýerde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara giňişligindäki uly ähmiýete eýe bolýan umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini we gyzgyn goldanylýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr.
Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiz bu halkara maslahaty guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek barada ýörite Karar kabul etdi. Şeýle hem ýakynda, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisi bolan Awaza forumy häzirki geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp duran şertlerinde deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly anyk ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berer.
Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly ata Watanymyzyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkitjekdigine uly ynam bildirýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän, bütin adamzadyň abadançylygy üçin möhüm başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Şoira Sadylowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.