SPORT

“Australian Open”: Jokowiç ahyry öýüne gaýtmaly boldy

Tennis dünýäsiniň iň uly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ilkinjisi “Awstraliýa Açyk/Australian Open” ýaryşy dünýä belli tennisçi Nowak Jokowiçiň yzyna öýüne goýberilmegi bilen başlaýar.

17-nji ýanwarda badalga alýan bu ýaryşy iň köp gazanan serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolmandygy üçin ýaryşa goýberilmedi.

17-30-nji ýanwar aralygynda geçirilýän “Awstraliýa Açyk/Australian Open” ýaryşy häzirki wagtda erkek tennisçi türgenleriň sanawynyň öňbaşysy 9 gezek bu ýaryşy gazanan Nowak Jokowiçsiz geçirilýär. Ony Awstraliýadan yzyna ugratmak babatda degişli çözgüt ýekşenbe güni, aýgny şu gün kabul edildi.

Jokowiç Awstraliýa 5-nji ýanwarda geldi. 6-njy ýanwarda Jokowiç Awstraliýanyň hökümetini koronawirus ýokanjyna garşy sanjym alyp bilmeýändigini ynandyryp bilmedi we onuň wizasyny ýatyrmak babatda karara gelindi. 4 günden soňra Awstraliýanyň kazyýeti Jokowiçiň beren maglumatlary esasynda ony ýaryşa goýbermek barada karar kabul etdi.

Emma muňa garamazdan, Awstraliýanyň migrasiýa işleri boýuna ministri Aleks Houk jemgyýetçiň bähbitleri esasynda wizany ýatyrmak işine täzeden seretmek babatda karar kabul etdi.

Dünýä belli tennisçi türgen 10-11 gün Awstraliýada kyn günleri başdan geçirdi. Ahyrynda ony öýüne yzyna ugratmak babatda karar kabul edildi.

Nowak Jokowiç 21-nji “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji bolup, rekord goýmak maksady bilen Awstraliýa uly umytlar bilen gelipdi.

 

Ýerli ýolagçy howa gatnawlarynyň täze tertibi

Ýene-de okaň

Ronaldo: “Barselona” toparyna gidip bilerdim

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2024 sanlarda

Ýewropanyň çempiony “Galatasaraý” toparynda oýnar

Gawi 2030-njy ýyla çenli “Barselonada” galar

Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyry: “Mançester Siti”- “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan ýene-de bir rekord

Ata Watan Eserleri