Tehnologiýanyň çalt depginlerde ösýän döwründe emeli intellekt ýa-da emeli aň tehnologiýasyna bolan gyzyklanma has-da artdy. “Ata Watan Media” topary şu wagt bir tarapdan emeli intellekti öwrenýär, beýleki tarapdan bolsa, käbir öwrenen zatlaryny durmuşa ornaşdyrmak bilen käbir taslamalary taýýarlaýar.
“Ata Watan Media” topary emeli intellektiň kömegi bilen şekilli aýdym döretdi. Türkmenistan watanymyzy wasp edýän türk dilinde taýýarlanan bu aýdymyň sözleri we sazy Emeli Intellekte degişlidir.
“Ata Watan Media” topary “Makul Emeli Intellekt” taslamasynyň üsti bilen emeli intellekt boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýär. Bu taslamalar bilen ýaşlarda emeli intellekte höwes döretmek hem göz öňünde tutulandyr.
Täze döredilen şekilli aýdym taslamasynda aýdymy dolulygyna emeli intellekt ýerine ýetirdi. Kaliforniýada bilim alýan 10-nji synp mekdep okuwçysy Ysmaýyl Orazgylyjow tarapyndan taýýarlanan ilkinji şekilli aýdymy diňläp, baha berip bilersiňiz.
Täze döredilen şekilli aýdym “Atavatan Tv You tube” kanalynda tomaşaçylara ýetirildi, şeýle hem ýakyn wagtda atavatantv.com saýtynda hem ýerleşdiriler.
“Ata Watan Media” topary “Makul Emeli Intellekt” taslamasynyň üsti bilen mundan ozal, “Turkmenistan Weekly AI News” habarlar gepleşigini taýýarlady.
Mundan başga-da, “Makul Sözlügiň” bazasynda bolan sesleri ulanyp, emeli intellektiň üsti bilen türkmen ýaşlaryna iňlis dilini öwredýän ýörite gysga gepleşikler taýýarlanýar.
