JEMGYÝET

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy.

Döwlet sapary bilen Astanada bolýan Türkmenistanyň Prezidenti üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgünde resmi garşylamak dabarasy guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Astana şäherindäki “Akorda” Prezident köşgünde geldi we bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra resmi garşylamak dabarasy taraplaryň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryşy bilen dowam etdi.

Gazak Prezidenti hormatly Prezidentimizi hormat münberine çagyrdy. Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyndan soň Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli senalary ýaňlandy. Hormat garawulynyň öňündäki ýöriş, ýokary derejeli myhmanyň Gazagystanyň Döwlet baýdagyna hormatyny görkezmegi bilen garşylamak dabarays tamamlandy.

Soňra Prezidentler «Akorda» köşkler toplumynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem-de wekiliýet agzalaryň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady