BILIM

Aspirantura kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

— ýokary bilim hakynda diplomyňnusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — degişli diplomyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasy);

— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

— №086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

— 4×6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;

— neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa, ylmy-barlag işleriniňwe oýlap tapmalarynyň, hasabatlarynyň sanawy;

— hünärine laýyklykda, saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;

— zähmet depderçesiniň nusgasy.

Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin — diplom we onuňdeňderejelidigi hakynda ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyňasyl nusgasyny getirip görkezýär.

Habarlarymyzdan ilkinji habarly bolmak üçin aşakdaky surada basyň we biziň Google Plaý Marketdäki Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň!

Türkmen, Iňlis, Rus we Türk dillerindäki Makul Sözlük Applikasiýamyz üçin aşakdaky suradyň üstüne basyň!

2022-nji ýyl: kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

«Sanly çözgüt – 2025» innowasion bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar