SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatdan Dubaýa hepde 2 gatnaw amala aşyrylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Aşgabatdan Dubaý ugry boýunça adaty uçar gatnawlarynyň ýygylygyny 1-den 2-ä çykarýar. Bu barada awiakompaniýa habar berdi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen halkara gatnawlaryny täzeden dikeldip, ilkinji nobatda Kazan bilen Dubaý şäherlerine gatnawlary ýola goýdy.

Şol gatnawlaryň ýygylygy ilkibaşda hepdede bir gezek bolan bolsa, iýul aýyndan olaryň sany 2-ä ýetiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa her hepdäniň duşenbe we anna günleri yzygiderli gatnawlary amala aşyrar.

Bu awiakompaniýa Dubaý şäherine ilkinji gatnawyny şu ýylyň 30-njy maýynda amala aşyrypdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy iýul aýynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine gatnawlary ýola goýar. Soňra gatnawlaryň gerimini giňeltmek üçin Germaniýanyň Frankfurt şäherine hem gatnawlary açmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistandan Kazana hepdede 2 gatnaw bolar

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär