Yrak Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň agzalary bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine garadylar. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny goňşy we dostlukly ýurt Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen swap arkaly Yrak Respublikasyna ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Yrakly hyzmatdaşlar ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini aýtdylar.
Taraplar şu günki duşuşykda öňe sürlen teklipleri hem-de ara alyp maslahatlaşmalary hasaba almak bilen, dünýä energetika bazarynda uly orun eýeleýän iki ýurduň bu ugurdaky kuwwatlyklarynyň doly herekete getirilmegi netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.