DÜNÝÄ

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Häzirki wagtda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisine taýýarlyk görülýär. Türkmenabat şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer R.Meredowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu komitetiň düzümine girýän 6 sany kiçi komitetiň mejlisleri hem özara ylalaşyk esasynda yzygiderli geçirilýär. 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatda Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň onunjy mejlisi, şol ýylyň 3-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň sekizinji mejlisi, 2026-njy ýylyň 9-njy martynda Pekinde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň dokuzynjy mejlisi, 9-njy aprelde Ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň ikinji mejlisi sanly ulgam arkaly geçirildi. Şu ýylyň ikinji ýarymynda Energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiň onunjy mejlisini, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň üçünji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlara degişli birnäçe meselelere seretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasynda özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Bu babatda taraplar kiberhowpsuzlygy, biohowpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler. Energetika ugrunda hyzmatdaşlykda häzirki wagtda ara alnyp maslahatlaşylýan we strategik taýdan ähmiýetli gaz känlerini özleşdirmek boýunça täze taslamalar ileri tutulýan ugur hasaplanýar.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda hytaý tarapy bilen ýurdumyzyň demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine serediler. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýändigi bilen baglylykda, logistika ugrunda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek aýratyn möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ileri tutulýan Hytaý — Türkmenistan — Hazar deňzi — Ýewropa we Türkmenistan — Hytaý — Günorta we Gündogar Aziýa — Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri ugurlary boýunça ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Aragatnaşyk ulgamynda iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy, sanly ulgama geçmek işini dowam etdirmek meselesine serediler. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, emeli aň ugrunda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem ileri tutulýan ugur bolar. Oba hojalyk pudagynda gatnaşyklary ilerletmek babatda-da giň mümkinçilikler bar. Bilim, ylym-tehnika ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işini, amaly çözgütleri ornaşdyrmak babatdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem ähmiýetli ugur hasaplanýar.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleriniň esasynda degişli Teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, birnäçe resminama taýýarlanylýar.

Ýene-de okaň

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi