BILIM

Aşgabatda talyplaryň arasynda açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2026-njy ýylyň 23-28-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek VI Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS-2026) gatnaşmaklyga çagyrýar.

VI Açyk halkara matematika olimpiada talyplaryň ukyp başarnyklaryny we zehinlerini ösdürmek üçin iň amatly şertleri döretmek, dostlugy berkitmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmagyny höweslendirmek, şeýle hem intellektual ösüşi bilen baglanyşykly hünär saýlamak arkaly giň dünýägaraýşa eýe bolan ýaşlary kemala getirmek maksady bilen geçirilýär.

Olimpiadanyň resmi dili– türkmen we iňlis dili.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn basleşik görnüşinde geçirilýär:

Şahsy bäsleşik А и В derejede geçirilýär:

А dereje – okaýan hünäri “matematik” we “kompýuter ylymlary” taýýarlyk ugurlarynda okaýan talyplar üçin;

B dereje – “Inžener we tehniki”, “ykdysadyýet we dolandyryş” we başga ugurda okaýan talyplary üçin.

Toparlaýyn bäsleşige okaýan hünärine bagly bolmazdan 4 talypdan düzülen topar gatnaşar. Toparyň düzüminde aýry-aýry ýokary okuw mekdebiň talyplary hem bolup biler. Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça bakalawr, hünärmen we magistr taýýarlyk ugurlarynda okaýan çäksiz talybyň  gatnaşmaga rugsat berilýär. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar we olaryn halypa mugallymlary 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan 10-njy marty aralygynda hasaba alynmaly.

Resmi web salgysy: https://iuhd.edu.tm/tk/academics/olimpiads/OMOUS/

Guramaçylyk topary:

Tel: +99312 398550, +99365809906

e-mail: iuhdolympiads@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Katar bilim ulgamynda ähtnama gol çekdi

Türkmenistanyň wekilleri Kembrij şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar

Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektorynyň Türkmenistana sapary

Türkmenistan bilen Italiýa bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri