JEMGYÝET

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşy Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport äleminiň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek we Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmegi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki sany ýörite Karar kabul etdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.

Giň sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri – Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň olimpiýa wekiliýetiniň – ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada-2024-e gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz türgenleri XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň öňde boljak dünýä sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejelerinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri