BIZNES

Aşgabatda “OGT-2021” halkara maýa goýum forumy geçiriler

Ýurdumyzyö mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň nebit we gazy – 2021” (OGT 2021) – Halkara maýa goýum forumy 2021-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda geçiriler. Çäräni guraýjylaryň web sahypasynda bu barada habar berilýär.

Bu möhüm halkara forumy “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan “Türkmen forum” we “GaffneyCline” (Beýik Britaniýa) kompaniýalar topary bilen bilen bilelikde gurnalar. Halkara forumy – Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek, Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen abraýly iş forumyna öwrüler.

Forumda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri, iň soňky nebithimiýa taslamalary we taslama mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat berler we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary öz tejribelerini paýlaşarlar.

Forumda ýangyç we energetika toplumynyň ösüşindäki global tendensiýalar, Türkmenistanyň energiýa diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi we ş.m. ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Foruma Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýakynda geçiriljek forum barada has giňişleýin maglumat guramaçylaryň web sahypasynda berlendir: www.ogt-turkmenistan.com

 

Birža täzelikleri: geleşikleriň 31-si hasaba alyndy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy