SPORT

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy badalga aldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy badalga aldy. Halkara ýaryşyň ilkinji duşuşygy Özbegistanyň “Feniks” bilen Oman Patyşalygynyň “Oman Naşinlz” toparlarynyň arasynda boldy.

Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan toparlar birek-biregiň derwezesinden şaýbany geçirmek üçin amatly mümkinçilikler döretdiler. Ýöne özbek hokkeýçileri omanly garşydaşlaryndan has üstün oýun görkezdi.

Şonuň netijesinde, Özbegistanyň “Feniks” topary garşydaşy Oman Patyşalygynyň “Oman Naşinlz” toparynyň derwezesinden 11 şaýba geçirdi. Duşuşyk 11:3 hasabynda özbek hokkeýçileriň peýdasyna tamamlandy.

Şeýle hem “B” toparçasynyň ilkinji duşuşygynda Gazagystanyň “Akmola” topary Türkiýäniň “Team-Türkiye” toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykdy.

Aşgabatda geçirilen halkara hokkeý ýaryşy diňe bir sport çäresi bolman, eýsem hokkeý muşdaklary üçin hakyky baýramçylykdyr. Bu ýaryş sebitde hokkeýiň ösmegine, bu sportuň meşhurlygyna we gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler