BIZNES

Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Onuň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alnyp, häzirki wagtda-da gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde söwda ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary