DÜNÝÄ

Aşgabatda halkara media forumy geçirildi

Şu gün «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň mejlisler jaýynda «Dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti» atly halkara media forumy geçirildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu halkara media forumyna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem- de daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen habarçylary gatnaşdy. Şeýle hem bu foruma daşary ýurtduň köp sanly iri habar beriş gulluklary onlaýn tertipde gatnaşdy.

Forumda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler barada giňişleýin maglumat berildi. Ýurdumyzyň ösüşleriniň we gazanylan üstünlikleriň giňden wagyz edilmegine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Media forumda Aziýa Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, Türkiýäniň «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Sedat Sarikaýa, Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy Alişer Hajaýew, «Jaheen’s we Click Media» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy hanym Noha Jaheen,  «TASS» habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman we beýleki köp sanly daşary ýurtly metbugat wekilleri sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň üstünlikleri barada beýan edip, Türkmenistan bilen metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

 

 

Hamyrmaýasyz gözleme

Ýene-de okaň

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di