MEDENIÝET

Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Şu günler paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekilçilikli topar Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde doganlyk gazak halkyny Watanymyzyň medeni-ynsanperwer ulgamda gazananlary bilen tanyşdyrdy. Bu gün bolsa türkmen paýtagty Gazagystanyň medeniýet işgärlerini garşylady.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalar ýola goýuldy, onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, iki ýurduň meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleri gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde dostlukly ýurduň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürýärler.

Medeniýet günleriniň baý maksatnamasy köpdürli çäreleri öz içine alýar hem-de gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary we geljekki meýilleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, belli halk aýdymçylarydyr sazandalar, häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans toparlary, teatr sungatynyň işgärleri girýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň konserti tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle hem sahnada dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň simfoniýalary, kantatalary, folklor äheňleri ýerine ýetirildi. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy boldy. Tomaşaçylar zehinli artistleriň ussatlygyny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Kino sungatyna sarpa goýýanlar «Aşgabat» kinoteatrynda gazak kinematograflarynyň «Beýik ýaýlanyň säheri», «Paralimpiýaçy» atly kino filmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýene-de okaň

Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi Kazandaky halkara kinofestiwalda görkezildi

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

«EKSPO-2025»: türkmeniň haly sungaty we milli lybaslary tanyşdyryldy

Türkmen kinolary Kazan halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Astrahanda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy