DÜNÝÄ

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň “Olimpiýa” myhmanhanasynda Fransiýa Respublikasynyň Milli güni – Bastiliýanyň eýelän güni mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlarynyň arasynda esasy syýasy hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolan Fransiýa Respublikasynyň Milli gününiň dabarasyna Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, metbugat wekilleir we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Bu dabara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem çagyryldy.

Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň gurnan dabarasyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew gatnaşdy.

Fransiýanyň ilçi Filip Merlin we ilçihananyň wekilleri dabara gatnaşýan myhmanlary myhmanhananyň girelgesinde garşylady. Soňra myhmanhananyň uly zalynda Fransiýa Respublikasynyň Milli gününe bagyşlanan dabara geçirildi.

Dabarada çykyş eden ilçi Filip Merlin öz çykyşyny 30 ýyl mundan ozal, 1994-nji ýylyň aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Fransua Mitteranyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny ýatlamak bilen başlap, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny goýandygyny belledi.

Ilçi üstümizdäki ýylda türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň 30 ýyllygynyň bellenýändigini, türkmen we fransiýaly arheologlaryň ulugdepede arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirendiklerini aýtdy. Ol 2024-nji ýylyň ahyrynda Aşgabatda bu taryhy ýere bagyşlanan serginiň guraljakdygy we bu sebitiň sanly ulgamynyň döredilendigini mälim etdi.

Fransiýanyň, Türkmenistanyň mirasyna gyzyklanmasy yzygiderli artýar. 2023-2024-nji ýyllarda Köýtendag sebitine ekspedisiýalar guraldy. 2025-nji ýylda hem bu hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynanýarys – diýip, ilçi belledi.

Şeýle hem ol Türkmenistanda fransuz diline gyzyklanmanyň uludygyny belläp, Aşgabatda 20 ýyldan bäri Fransuz institutynyň hereket edip, diňleýjilere fransuz dilini öwretmek ugrunda iş alyp barýandygyny aýtdy.

Fransiýanyň ilçisi 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýa amala aşyran saparynda Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnama gol çekendigini belledi.

Dostlukly ýurduň ilçisi Fransiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda gurluşyk, senagat, telekommunikasiýa, kosmos, energeitka, metan zyňyndylaryny azaltmak, oba hojalygy, milli sanly kadastry döretmek, ulag we infrastruktura ýaly ugurlarda netijeli iş alyp barýandygyny hem belläp geçdi.

Fransiýanyň ilçisi öz çykyşynda 26-njy iýulda Pariž şäherinde Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçiriljekdigini, 15 müň türgeniň sportuň 32 olimpiýa görnüşi boýunça bäsleşjekdigini, bu oýunlary 3.2 milliard teletomaşaçylaryň görjekdigini, 20 müň žurnalistiň wakalary gyzgyny bilen ýetirjekdigini we 13 milliondna gowrak biletleriň satuwa çykarylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew hem öz gezeginde Fransiýany bu milli baýramy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde alnyp barylýandygyny belledi.

Dabarada türkmen ýaşlarynyň fransuz dilinde, Fransiýanyň raýatynyň türkmen dilindäki aýdymlary belentden ýaňlandy. Şeýle hem dabarada myhmanlara hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi