JEMGYÝET

Aşgabatda dürli maksatly täze binalar gurlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň garamagyna hödürlenen taslamalar:

  • Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalaryny gurmak meýilleşdirilýär.
  • S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binasyny gurmak göz öňünde tutulýar.
  •  Magtymguly şaýolunyň ugrunda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumy gurlar.
  • A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda  Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.
  • 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkezi hem-de “Dokmaçylar” medeni merkezi gurlar.
  • Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjegindäki “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagynyň gurulmagy meýilleşdirilýän taslamalar bar.
  • Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň şekil taslamasy bar.
  • Halkara onkologiýa merkezi gurlar.

 

Olimpiýa oýunlarynda eminlik etjek ilkinji türkmen emini

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy