SPORT

Aşgabatda Dewisiň Kubogy ýaryşy geçiriler

Türkmenistanda şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry geçiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi.

Şol resminamada hususan-da şeýle diýilýär:

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Türkmenistanda olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda çykaran 1539-njy Karary esasynda 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda geçirilmegi bellenen Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny 2021-nji ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda agzalan Karara laýyklykda geçirmäge ygtyýar berildi.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi