JEMGYÝET

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Söwda öýi açylar

2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi.

Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary P.Agamyradow, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji Orunbasary Ýagub Eýubow ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Toparyň öňki mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de iş toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has hem çuňlaşdyrmak boýunça degişli tekliplere seredilip geçildi.

Taraplar Baku şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüniň, Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Söwda öýüniň açylmagynyň, haryt dolanyşygyny giňeltmegiň we bilelikde dürli ugurly kärhanalary döretmegiň mümkinçilikeriniň üstünde durup geçdiler. Türkmen-azerbaýjan işewürlik geňeşiniň döredilmegi hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Taraplar öňdebaryjy tejribeleri, şol sanda ýokary tehnologiýa we maşyngurluşygy ugurlarynda tejribe alyşmak üçin dürli derejedäki ikitaraplaýyn saparlary guramagyň zerurlygyny belläp geçdiler. Şeýle-de taraplar iki ýurduň arasynda awtomobil-parom we demirýol-parom aragatnaşygynyň ýola goýulmagyna, şeýle hem iki ýurduň howa giňişlikleri arkaly ulag hereketleriniň amala aşyrylmagy boýunça degişli amallaryň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Mundan başga-da mejlisiň barşynda medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy bellenildi.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň indiki altynjy mejlisini 2020-nji ýylda Baku şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi